Fransiýa 1-nji ýanwardan başlap, öňümizdäki alty aýyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirer. Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň başlyklygynyň wezipeleri onuň işini we gün tertibini guramak we meýilnamalaryny düzmekden ybaratdyr. Fransuz ministrleri Ýewropa Bileleşiginiň degişli ministrleriniň mejlislerine başlyklyk ederler, ylalaşyklary gazanmaga, kararlary kabul etmäge ýardam bererler, Geňeşiň içinde we Ýewropa Bileleşiginiň beýleki guramalary – Ýewropa Komissiýasy we Ýewropa Parlamenti bilen hyzmatdaşlykda kanunçylyk başlangyçlaryny tassyklarlar. Ýewropaly diplomatyň Brýusselde žurnalistlere habar berşi ýaly, Fransiýa alty aýyň içinde dürli derejelerde iki müňe golaý ýygnak gurmagy meýilleşdirýär, olaryň 400-si Fransiýanyň çäginde geçiriler.
17-18-nji fewral aralygynda Brýusselde geçiriljek Ýewropa Bileleşigi-Afrika sammiti Fransiýanyň prezidentiniň möhüm daşary syýasat çäresi bolar. Onuň netijelerine görä, Ýewropa Bileleşigi Afrika ýurtlary üçin täze uly göwrümli “maýa goýum bukjasyny” yglan etmekçi.
Mundan başga-da, mart aýynyň ahyrynda Ýewropa Bileleşiginiň sammitinde Ýewropa liderleri Ýewropanyň ilkinji goranyş we howpsuzlyk strategiýasy bolan “Strategik kompasy” goldamagy meýilleşdirýärler. Ony taýýarlamak birnäçe ýyl bäri bilermenler we ministrler derejesinde dowam edýär. “Strategik kompas”-yň täzelenen görnüşi, 12-14-nji ýanwarda Fransiýanyň Brest şäherinde daşary işler ministrleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň goranmak ministrleriniň resmi däl ýygnaklarynda hödürlener.
Fransiýanyň başlyklygy döwründe Ýewropa Bileleşiginde ýokary aýlyk hakynyň girizilmegi, transmilli sanly ägirtleriň işini kadalaşdyrmak we uglewodorod salgydynyň girizilmegi ýaly meselelerde öňegidişlige sabyrsyzlyk bilen garaşylýar. 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan Ýewropa Bileleşiginiň başlyklygy Çehiýa geçer. Mundan ozalky Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşine Sloweniýa başlyklyk edipdi.