24-nji ýanwarda Italiýanyň Milli parlamentiniň aşaky palatasynda ýurduň täze Prezidentini kesgitlemek üçin ses berlişik geçiriler. Mundan ozal ýurduň ministrler geňeşiniň başlygy Mario Dragi bu wezipä dalaş edip biljekdigini mälim edipdi. Eger şeýle bolsa, ýurtda täze hökümet agzalaryny kesgitlemek üçin nobatdan daşary ýene bir saýlaw geçirilmeli bolar. Birnäçe ýyl hökümet başlygy wezipesini ýerine ýetiren 85 ýaşly Silwio Berluskoni hem dalaşgär boljakdygyny aýdypdy. Bulardan başga-da ýurduň deputatlar palatasynyň başlygy Pýer Ferdinando Kazini, ýurduň ministrler geňeşiniň başlygy Juliano Amato we adalat ministri Marta Kartabýa dagy dalaşgärligini aýan etdiler.

Ýurtdaky kanunçylyga görä Prezidentlik simwoliki ähmiýete eýe bolup, 7 ýyllyk möhlete saýlanýar. Ýurduň hökümet başlygy we ministrler kabinetiniň agzalary Prezidentiň tassyklamagyndan soňra wezipä girişýär. Ýurtda Prezident parlamentde birnäçe tapgyrda geçirilýär. Ilkinji üç tapgyrda sesleriň üçden ikisini alan dalaşgär bu wezipä saýlanýar. Eger hiç bir dalaşgär şeýle köp ses alyp bilmese, onuň dördünji tapgyry geçirilip, oňa diňe iň köp ses alan iki dalaşgär gatnaşýar, 50 göterimden köp ses alan Prezident bolýar. Ýurduň häzirki Prezidenti Serjio Mattarella 2015-nji ýylyň 3-nji fewralynda wezipä girişipdi.