Her ýylyň moda reňkini kesgitleýän “Pantone  LLC” kompaniýasy şu ýylyň reňkini kesgitledi. Kompaniýa bu ýyl ozaldan bar bolan reňki däl-de, täze bir reňk hödürledi. “Very Peri” atly benewşe gyzyl fonly mawymtyl reňkiň asudalyga ylham berýändigi mälim edildi. Bu reňk fiziki we sanly durmuşyň bir-biri bilen şeýle derejede garyşan häzirki döwri alamatlandyrýar. Kompaniýanyň Reňk institutynyň hünärmeni Leatraýs Eýsman ynamly we halanýan gök reňk maşgalasyna täze garaýyş getirýändigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, “Very Peri” döredijiligi we dörediji aňlatmany höweslendirýän janly, şadyýan pozisiýany hödürleýär.