Ata Wa­ta­ny­myz­da bo­lup geç­ýän be­ýik öz­ge­riş­ler bi­ziň her bi­ri­mi­zi çyn ýü­rek­den buýsandyrýar. Her Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­tan­da ge­çi­len şöh­rat­ly ýol­la­ra ser sal­mak, ta­ry­hy wa­ka­la­ra şa­ýat bol­mak biz­de ýa­kym­ly duý­gu­la­ry oýar­ýar.
Tä­ze ýyl, adat­ça, ak ar­zuw­la­ryň, päk ni­ýet­le­riň gur­sak­lar­da joş­ýan döw­rü­dir. Ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan bol­sa ar­zuw­la­ryň ha­syl bol­ýan ýur­du­dyr. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne ge­çen ýy­lyň my­sa­lyn­da hem aý­dyň göz ýe­tir­mek bol­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len her bir ýyl üçin şy­gar saý­la­nyp alyn­ýar. Şol şy­gar hem Gah­ry­man Arkadagy­myz bi­len türk­men hal­ky­nyň tä­ze sep­git­le­re ýet­me­gi­ne öz sal­dam­ly go­şan­dy­ny goş­ýar.

Bil­şi­miz ýa­ly, ta­mam­la­nan ýyl mil­li Liderimi­ziň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­da­nan hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2021-nji ýy­ly – «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­me­gi my­na­sy­bet­li «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» şy­ga­ry diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Ha­ky­kat­dan hem, bu şy­gar di­ňe bir Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz üçin däl, eý­sem, dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri üçin mö­hüm baş­lan­gyç­la­ryň bi­ri bol­dy. Se­bä­bi, milli Liderimiziň öňe sü­ren pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak sy­ýa­sa­ty soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi üçin mö­hüm adal­ga­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gyň hem-de howp­suz­ly­gyň da­ýanç­la­ry­nyň, kuw­wat­ly we dep­gin­li ös­ýän, da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry üçin özü­ne çe­ki­ji, dün­ýä­de uly ab­ra­ýa hem-de hor­ma­ta eýe bo­lan döw­let­le­riň bi­ri hök­mün­de giň­den ta­nal­ýar. Umu­man, ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat bo­ýun­ça baş ug­ry pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ber­kit­mä­ge, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Ine, şeý­le uly umyt-ar­zuw­lar bi­len «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» şy­ga­ry diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýyl ýur­du­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy hem-de paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 140 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li köp san­ly çä­re­le­ri ge­çir­mek bi­len şow­ly ýyl­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di.
Tä­ze, «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» şy­ga­ry bi­len geç­jek ýy­la ga­dam bas­dyk. Döw­let Baştutanymyz tä­ze ýy­lyň şy­ga­ry­ny tas­syk­la­mak bi­len bu şy­ga­ryň öň­de go­ýan mak­sat­la­ry­my­za ta­rap ynam­ly öňe git­mä­ge ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
2022-nji ýy­lyň şy­ga­ry türk­men hal­ky­nyň mil­li ýö­rel­ge­le­ri­ne hem-de onuň ta­ry­hy we me­de­ni des­sur­la­ry­na ga­bat gel­ýär. Bu şy­gar hä­zir­ki dö­wür­de hormatly Prezidentimiziň oňyn içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji döw­le­ti­mi­ziň ok­gun­ly ösü­şi­niň esa­sy­ny düz­ýän­di­gi, onuň yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
Şu ýy­lyň şy­ga­ry bag­ty­ýar za­ma­na­ny esas­lan­dy­ran we hal­ky­my­zy hem-de Wa­ta­ny­my­zy tä­ze be­lent sep­git­le­re ynam­ly alyp bar­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za bil­di­ril­ýän be­lent hor­ma­tyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Äh­li ugur­lar­da tä­ze be­lent­lik­le­re ynam­ly ga­dam ur­ýan ýur­du­myz saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na düş­di. Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler hor­mat­ly Prezidentimiziň çuň­ňur oý­la­ny­şyk­ly we öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­nyň aý­dyň mi­we­si­dir.
Hä­zir­ki wagt­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da hal­ky­myz bag­ty­ýar dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ýar we ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­me­ti bi­len halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry­ny öz­gert­mek bo­ýun­ça öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýar. Bu bol­sa wa­tan­daş­la­ry­my­zyň nu­ra­na gel­je­ge bo­lan yna­my­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ýar.

Eziz AR­TYK­LY­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.