Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bäs­deş­lik uky­by­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak, «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen döw­let sy­ýa­sa­ty­na esas­la­nyp, hal­ky­my­zyň dur­muş-ýa­şa­ýyş şert­le­ri­niň de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, köp ça­ga­ly maş­ga­la­la­ra gol­daw ber­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Ýurdumyzda al­nyp ba­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň ýo­ka­ry dep­gin­le­ri­ni na­za­ra alyp hem-de pen­si­ýa üp­jün­çi­li­gi we dur­muş taý­dan go­ra­mak me­se­le­sin­de ra­ýat­la­ra döw­let ke­pil­len­dir­me­le­ri­ni güýç­len­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len «Türk­me­nis­ta­ny yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy we me­de­ni taý­dan ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin baş ug­ry» Mil­li mak­sat­na­ma­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len dur­muş sy­ýa­sa­ty hal­kyň hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne her ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ry­nyň hem-de döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp we diň­leý­ji hak­la­ry­nyň möç­ber­le­ri­niň 10 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy, her ýyl ka­bul edil­ýän Döw­let býu­je­ti­niň tas­la­ma­sy dü­zü­len­de, onuň çyk­da­jy­lar bö­le­gi­niň 70 gö­te­rim­den gow­ra­gy­nyň dur­muş ul­ga­my­na gö­nük­di­ril­ýän­di­gi hem aý­dyň su­but ed­ýär.
Ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de adam, onuň ra­hat­ly­gy, bag­ty­ýar­ly­gy ha­kyn­da uly ala­da edil­ýär. Se­bä­bi dur­mu­şyň aba­dan­ly­gy, adam­la­ryň bag­ty­ýar­ly­gy ýur­du­my­zyň gym­mat­ly baý­ly­gy­dyr. Döw­let ta­ra­pyn­dan gol­daw – bu dur­muş kö­me­gi bo­lup, dur­muş ýag­daý­la­ry­ny go­wu­lan­dyr­ma­gy ze­rur bo­lan ra­ýat­la­ra be­ril­ýär. Döw­let kö­mek pu­ly döw­let dur­muş üp­jün­çi­li­gi usu­ly­nyň bir bö­le­gi bo­lup dur­ýar we sag­lyk ýag­da­ýy bo­ýun­ça bö­lek­le­ýin, do­ly ýa-da wagt­la­ýyn zäh­me­te ukyp­ly­ly­gy­ny ýi­tir­me­gi, ene­lik we ça­ga­lyk ek­leý­ji­si­ni ýi­tir­me­gi, pen­si­ýa ýa­şa ýe­tip üp­jün­çi­lik çeş­me­le­ri­ni ýi­tir­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýi­ti­ri­len gir­de­ji­niň bir bö­le­gi­ni sak­la­mak üçin pul tö­leg­le­ri gör­nü­şin­de aň­la­dyl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy, aba­dan ýa­şa­ma­gy, dö­re­di­ji­lik­li iş­le­me­gi we wagt­la­ry­ny hoş ge­çir­mek­le­ri üçin döw­let­li tu­tum­lar ro­waç­lan­ýar. Ila­ty­my­zy dur­muş taý­dan go­ra­mak üçin hu­kuk, gu­ra­ma­çy­lyk, yk­dy­sa­dy esas­la­ry ka­nun­çy­lyk taý­dan ke­pil­len­di­ril­ýär.
«Il­kin­ji no­bat­da, me­niň äh­li ala­dam hal­kym bo­lar» diý­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len «Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­ny dur­muş taý­dan go­ra­mak ha­kyn­da» ko­dek­se üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­ri­zil­di. Ýag­ny, 2022-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly ada my­na­syp bo­lan ene­le­riň pen­si­ýa­la­ry­nyň, ça­ga se­ret­mek bo­ýun­ça döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, dur­muş kö­mek pul­la­ry­nyň, se­kiz we şon­dan köp ça­ga­ny ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­di­ren ene­le­riň has ir pen­si­ýa çyk­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly, şeý­le hem ça­ga­nyň dog­lan­dy­gy üçin bir wagt­la­ýyn be­ril­ýän döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, bäş we şon­dan köp ça­ga­ny ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­di­ren ze­nan­la­ra be­ril­ýän döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň möç­ber­le­ri art­dy­ryl­dy.
Döw­le­ti­miz­de hal­ky­my­zyň aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da uly ala­da ed­ýän hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Gül­täç An­na­mäm­me­do­wa,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.