Täze ýyl täze arzuwlar, täze maksatlar, täze umytlar diýmek. Täze ýyly hemişe täze arzuwlar bilen garşylaýarys. Çünki her ýyl özüniň aýratyn öwüşgini bilen gelýär. Goý, 2022-nji ýyl hem rysgal-berekede baý ýyllaryň biri bolsun! 2022-nji ýyl – Gündogar müçenamasynda bars ýyly.
Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl Gutlagynda belläp geçişi ýaly, «Bars – baýlyk» diýýän halkymyz bu ýyly rysgal-döwletli, bereketli hasaplap, täze ýyla aýdyň maksatlar, uly ynam bilen gadam basýar.
Bars batyrgaýlygy bilen bellidir, şonuň üçin şu ýyl täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin şowly ýyllaryň biri bolar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşli menzilleri aşýan eziz Diýarymyz hem Bars ýylyna – «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyna gadam basdy. Tamamlanan ýylda uly üstünliklere beslenen Diýarymyzda täze ýylda hem uly üstünlikler ýar bolsun!
2021-nji ýylda ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny hem-de Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny uludan toýlady. Şanly senelere gabatlap, köp sanly durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalar ulanmaga berildi.
Umuman, ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde ulanmaga berlen ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriňdir çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş, sport we beýleki önümçilik desgalarynyň, seýilgähleriň açylyş dabaralary geçen ýyla aýratyn öwüşgin çaýdy. Geçen ýylda ulanmaga berlen Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen bölegini, Kaka we Babadaýhan dokma toplumlaryny, Türkmenabat, Balkanabat hem-de Daşoguz şäherlerindäki «Türkmeniň ak öýi» binalary, «Aşgabat» söwda, dynç alyş we işewürlik merkezi, «Arkadag» hem-de «Garagum» myhmanhanalary ýurdumyzda gurlup, ulanmaga berlen 73 sany iri desgalaryň käbiridir.
Halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikleriň täze ýylda hem uly depginler bilen dowam etjekdigini bellemek gerek. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde, durmuş ugurly syýasata hem uly ähmiýet berilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä eýerýän hormatly Prezidentimiz halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagy üçin ýadawsyz alada edýär. Şonuň üçin täze ýylyň býujeti düzülende hökmany suratda durmuş ugurly taslamalara köp möçberde pul serişdeleriniň gönükdirilmegi hemişe üns merkezinde saklanýar. Şu nukdaýnazardan, zähmet haklary, pensiýalar hem-de döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary 10 göterim ýokarlandyryldy. Mundan başga-da, ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy, döwrebap mekdepdir çagalar baglarynyň sanynyň köpeldilmegi babatda täzeçil çemeleşmeler alnyp barylýar.
Goý, Garaşsyz Diýarymyzy dost-doganlyk ýollary bilen ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Batyr AŞYROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.