Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak baradaky gadymy ýol-ýörelgeleri täze many-mazmun bilen kämilleşdirilip, olara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu günki gün milli buýsanjymyz hasaplanylýan türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde meşhur tohumlaryň biridir. Ýurdumyzyň seçgiçileriniň alyp barýan işleriniň hem-de alabaýyň arassa ganlylygyny saklamagyň netijesinde, biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini saklap geldi.
Türkmen alabaý itleri dünýäniň goragçy tohum itleriniň hatarynda öňdäki orny eýeleýär we hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, alabaýlaryň tapawutly aýratynlyklarynyň birini hem ýitirmezligi üçin olary diňe hünär derejesinde köpeltmek zerurdyr.
Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna ähmiýetli orun berilýär. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy – ÝUNESKO we beýleki iri guramalar, şol sanda daşary ýurtlaryň assosiasiýalary, şeýle hem dünýäniň dürli döwletlerinden ýuridik şahslar we hususy itşynaslar bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen halkynyň ajaýyp däplerini girizmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda alabaý tohum itlerini ösdürip ýetişdirmek hem bar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenilýär. Geçen ýyl bu baýramçylyk Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenen bolsa, şu ýylda bu baýramçylyk aýratynlykda bellener. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy bellenip geçiler.
Geçen ýyl Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň açylyş dabarasy boldy, şeýle hem teleköpri arkaly Ahal welaýatyndaky Karantin merkezi, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezler ulanmaga berildi. Bu bolsa türkmen alabaýlarynyň sarpasynyň döwlet derejesinde has-da belende göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Döwrebap toplumyň we merkezleriň ulanmaga berilmeginiň ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň sanyny köpeltmäge, tohumçylyk işlerini alyp barmaga we gadymy nesil ugurlaryny dikeltmäge hem-de türkmen alabaý itleriniň arasynda halkara derejede sergileri we bäsleşikleri geçirmäge doly mümkinçilik berýär.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy tohumçylyk itşynaslygynyň toplumlaýyn düzümini ösdürmekde, türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny artdyrmakda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmekde möhüm işleri alyp barýar.
Alabaý eýesine wepalylygyň, gaýduwsyzlygyň, batyrlygyň, dogumlylygyň nyşanydyr. Şonuň üçin 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tumary hökmünde türkmen alabaýynyň şekiliniň seçilip alynmagynda hem uly many bardyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynsanperwerlige ýugrulan ajaýyp işleri durmuşa geçirýändigi, milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýandygy üçin hormatly Prezidentimize alkyşymyz çäksizdir.
Baýgeldi NURMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.