«Vivo» kompaniýasy soňky ýyllarda orta derejeli telefonlaryň birnäçe görnüşini çykarýar. Kompaniýanyň soňky tanyşdyran telefony daşky reňkini üýtgetmegi bilen tapawutlanýar. Kompaniýanyň «Vivo V23» we «V23 Pro» telefonlary «Fluorite AG Glass» atly tehnologiýa bilen gaplanypdyr. Uly ekranly telefonlaryň reňki daşaryk çykylanda gök bolýar. Tehniki aýratynlyklary babatda aýdylanda bolsa «Vivo V23»-iň 50 megapiksel durulygynda esasy kamerasy, şeýle hem 8 megapiksel durulygynda ultragiň kamerasy bar. 5G aýratynlygy bolan «V23 Pro» görnüşinde bolsa, 108 megapiksel durulygynda kamera oturdylypdyr. Şeýle hem 8 we 2 megapiksel durulygynda goşmaça sensorlary bar. Smartfonda barmak yzyňy okaýan sensor ekrana ýerleşdirilipdir. Telefonlaryň 400 hem-de 520 dollar başlangyç bahasy bilen satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.
Perman Saparow,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.