Ak aýy­lar De­mir­ga­zyk pol­ýu­sa go­laý ýer­ler­de ýa­şa­ýarlar. Gar we buz­luk bi­len ör­tü­len ýer­de ýa­şa­ýan bu jan­dar­lar adat­ça de­ňiz jan­dar­la­ry bi­len iý­mit­len­ýärler. Gar ýa­gan­ wagty da­şa­ryk çy­kanymyzda bir­ba­da gö­zü­miz ga­maş­ýar. He­mi­şe di­ýen ýa­ly gar­ly ýer­de ýa­şa­ýan aýy­la­ryň gö­zün­de ult­ra­me­lew­şe şöh­le­den go­ra­ýan goş­ma­ça göz ga­ba­gy bol­ýar. Beý­le­ki jan­dar­lar ýa­ly ak aýy­lar hem öz ara­la­ryn­da ha­bar­laş­ýar­lar. Ak aýy baş­ga bir aýy­nyň aýak yzyn­dan onuň nä­çe­räk wagt ozal ge­çip gi­den­di­gi­ni anyk­lap bil­ýär. De­mir­ga­zyk pol­ýu­syň iň iri jan­dar­la­ry­nyň bi­ri bo­lan bu aýy­lar di­ňe gu­ry ýer­de däl, eý­sem, suw­da hem aw ed­ýärler. Ök­de ýü­zü­ji ha­sap­lan­ýan ak aýy­lar su­wuň as­tyn­dan ba­lyk, düw­len we beý­le­ki jan­dar­la­ry tut­ýarlar.
Ýa­ňy dün­ýä inen aýy­nyň ça­ga­sy­nyň hiç hi­li tü­ýi bol­ma­ýar. Şeý­le ýag­daý­da olar hin­de ýa­şa­ýar. Ak aýy­nyň ýa­şa­ýan ýe­rin­de da­şar­da­ky ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy 40 de­re­je tö­we­re­gi so­wuk bol­ýar, hi­ni­niň içi bol­sa 2-3 de­reje ýy­ly bol­ýar. Aýy­lar 2,5 ýa­şan­dan soň­ra öz­baş­dak aw edip baş­la­ýar­lar.
Ak aýy­lar suw iç­me­ýär­ler. Ola­ryň be­de­nin­dä­ki ýag erän wag­ty suw hi­mi­ki bir­leş­me­si­ni, ýag­ny H2O eme­le ge­tir­ýär.
Aýy­lar ýy­lyň bel­li döw­rün­de bu­zuň üs­tün­de ýa-da suw­da ýü­züp, uzak ara­ly­ga git­me­li bol­ýarlar. Hä­zi­re çen­li bu ugur­da­ky re­kord 687 ki­lo­met­re deň. Bi­ler­men­ler 2008-nji ýyl­da Ka­na­da­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Bo­for­ta deň­zin­de bir aýy­nyň on gü­ne go­laý yzy­gi­der­li ýü­zen­di­gi­ni anyk­la­dy­lar. Bu ba­ra­da 2011-nji ýyl­da «Po­lar Bio­lo­gy» žur­na­lyn­da yl­my ma­ka­la çap edil­di.
Tä­sin ýe­ri aýy­lar buz bö­lek­le­ri bi­len do­ly suw­da ýü­zen­le­rin­de hiç hi­li üşe­me­ýär­ler we ola­ryň tü­ýi ezil­me­ýär. Se­bä­bi, ak aýy­la­ryň de­ri­si­niň aşa­gyn­da ga­lyň ýag gat­la­gy hem-de iki gat­ly pos­su­ny bol­ýar.
Aýy­la­ryň se­kiz gör­nü­şi bol­ýar – go­ňur aýy, ak aýy, Azi­ýa ga­ra aýy­sy, ame­ri­kan ga­ra aýy­sy, ma­la­ýa aýy­sy, ýal­ta aýy, «äý­nek­li» aýy (Re­marctos or­na­tus) we pan­da.