Her ýylda bolşy ýaly şu ýylda hem biri-birinden gyzykly animasiýalaryň birnäçesi ekranlara çykar. Pudagyň iň esasy öndürijisi “Pixar”-yň 2 multfilmi ýylyň garaşylýan animasiýalaryndandyr. Diňe bir körpejeleri däl, eýsem, ululary hem özüne bendi edýän multfilmleriň käbirleri şulardan ybarat:
“TURNING RED”
Domi Şi tarapyndan surata düşürilen “Pixar”-yň bu animasiýasynda tolgunanda ullakan gyzyl panda öwrülýän 13 ýaşly Mei Liniň başdan geçirmesi barada gürrüň berilýär. 11-nji martdan başlap ýaýradyljak animasiýanyň gahrymanlaryna Sandra O, Rosali Çian, Maitreýi Ramakrişnan, Awa Morse ýaly artistler ses berýär.
“LIGHTYEAR”
“Pixar”-yň beýleki multfilmi bolsa “Lightyear” diýlip atlandyrylýar. “Oýnawaçlaryň hekaýasy” multfilmlerindäki Bazz Laýtýer robotyň özbaşdak başdangeçirmesi bolan ekran eserine Angus MakLeýn režissýorlyk edip, onuň ssenarisini Pit Dokter ýazdy. Kris Ewans hem-de Taika Waititiniň ses beren animasiýasy 17-nji iýunda ekranlara çykar.
“MINIONS: THE RISE OF GRU”
Körpeleriň söýgüli gahrymanlary – Minionlaryň täze başdan geçirmesi “Minionlar: Grunuň ösüşi” diýlip atlandyrylýar we oňa birinji bölümi hem surata düşüren Kaýl Balda režissýorlyk edýär. Maksatlaryna ýetmek üçin Gru bilen bilelikde hereket edýän Stuart, Kewin hem-de Bobuň täze başdan geçirmesi 1-nji iýuldan başlap ekranlara goýberiler.
“PUSS IN BOOTS: THE LAST WISG”
“Şrek” animasiýalarynyň özüne maýyl ediji ädiklije pişijeginiň ikinji multfilmi-de birinji bölümden 11 ýyl soň kinoteatrlara çykar. Kris Milleriň režissýorlygyndaky animasiýnyň baş gahrymanyna Antonio Banderas ses berer.
“THE ICE AGE ADVENTURES OF BUCK WILD”
“Buz eýýamy” animasiýalar toplumynyň “spin-off”-y bolan “The Ice Age Adventures of Buck Wild” multfilminde baş gahryman hökmünde 3-nji bölümde ýüze çykan gaharjaň Bakminster Bak çykyş edýär. Ýagny bu gezekki multfilm ne Sid, ne-de gaplaň Diego, ne-de mamont Menni barada bolar. 28-nji ýanwardan başlap, kinoteatrlara ýaýradyljak multfilme Jon Si. Donkin režissýorlyk etdi.
“HOTEL TRANSYLVANIA: TRANSFORMANIA”
Mundan ozal 3 bölümi ekranlara çykan Transilwaniýa myhmanhanasy multfilminiň dördünjisi geljek hepdäniň anna güni kinoteatrlarda peýda bolar. Jennifer Kluska bilen Derek Draýmonyň bilelikde režissýorlyk eden animasiýasynda ýene-de Selena Gomes, Endi Samberg, Ketrin Han, Stiw Buşemi dagy ses bermäge gatnaşdylar.
“DC LEAGUE OF SUPER-PETS”
Maý aýynyň 20-sine kinoteatrlarda görkezilip başlanjak super gahrymanlaryň öý haýwanlarynyň arasyndaky başdan geçirme multfilmine Jared Stern režissýorlyk edýär. Animasiýanyň baş gahrymanlaryna Dweýn Jonson hem-de Kewin Hart ses berdi.
“SPIDER-MAN: ACROSS THE SPIDER-VERSE (PART ONE)”
Mundan 4 ýyl ozal ekranlara çykan we köpleriň uly söýgüsini gazanan “Möý adam: möý äleminde” animasiýasynyň dowamy bolan bu multfilmi 3 režissýor (Hoakim Dos Santos, Kemp Powers, Jastin K. Tompson) surata düşürdi. 7-nji oktýabrda prokatlara ýaýradyljak multfilmde Oskar Aýzaak, Şameik Mur, Haili Steinfeld esasy gahrymanlara ses berdi.