7-nji ýanwarda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän polat armaturanyň ornuny tutýan kompozit gurluşyk armaturasynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Aýna owuntyklaryndan gurluşykda ulanylýan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Algap” hususy kärhanasy bilen bilelikde döredilen “Senagattehnologiýalary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde önümiň nusgalyk tapgyry öndürilip, oňa degişli döwlet edaralaryndan hil, laýyklyk we howpsuzlyk güwänamalary alyndy.

Geljekde paýdarlar jemgyýeti tarapyndan polat görnüşiniň ornuny tutýan dürli ölçegdäki kompozit armaturasynyň önümçiligini has-da giňeltmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, bu pudaklar tarapyndan bazalt çig malyndan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça hem guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly kwars çägesinden aýna süýümini öndürmek we ondan polat armaturasynyň ýylda 15 müň tonnasynyň ýerini tutýan, dürli ölçegdäki kompozit gurluşyk armaturasyny öndürmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýurdumyzyň sarp edijilerini daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bilen doly üpjün etmäge ukyply kuwwatly önümçilik binýadyny döretmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz ýerli çig maldan kompozit gurluşyk armaturasynyň nusgalary bilen tanşyp, ekologiýa taýdan arassalygy, ykdysady taýdan elýeterliligi bilen tapawutlanyp, bu önümçiligiň ýola goýulmagynyň daşary ýurtlardan getirilýän polat armaturasynyň möçberini azaltmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýerli çig maldan täze önümiň synag hökmünde çykarylandygy baradaky habary kanagatlanma bilen kabul edip, ugurdaş edaralar bilen bilelikde kompozit armaturasynyň berkligini synap görmegi hem-de ýokary hiliniň tassyklanan ýagdaýynda, onuň giň önümçiligini ýola goýmagy çaltlandyrmagy tabşyrdy.