7-nji ýanwarda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» Kararyň taslamasy boýunça hasabat berdi.
“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle hem “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Adalat ministrligi bilen bilelikde degişli Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlandygy habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, awiasiýanyň dolandyryş ulgamyna häzirki zaman usullaryny, menejmenti giňden ornaşdyrmak baradaky meselelere ünsi çekdi. Munuň özi häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen şertlenendir hem-de öňde goýlan wezipeleri babatda döwlet düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhüm ugrudyr.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hödürlenen resminama gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly Agentligiň ýolbaşçysyna iberip, onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek barada degişli görkezmeleri berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda pudaklary sanly ulgama geçirmek işini çaltlandyrmagyň hem-de ilat üçin radio alyp eşitdiriş ulgamyny gowulandyrmagyň zerurdygyny aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna ýagdaýlary seljermegi we işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.