Soň­ky ýyl­lar­da in­ter­net di­ňe ara­gat­na­şyk ýa-da mag­lu­mat al­mak üçin däl, eý­sem, aw­tou­lag­la­ryň öz­baş­dak he­re­ket et­mek­le­ri­ni ýo­la goý­ýan teh­no­lo­gi­ýa hök­mün­de hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar. En­tek do­lu­ly­gy­na sü­rü­ji­siz ulag­lar sa­tu­wa çy­ka­ryl­ma­dyk hem bol­sa, hä­zir­ki ulag­lar öňü­ni kes­jek py­ýa­da­ny ýa-da beý­le­ki is­len­dik jan­da­ry duý­dur­mak, bel­li bir tiz­lik­de he­re­ket et­mek ýa­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ra eýe­dir. Aw­tou­lag­lar­da ula­nyl­ýan bu teh­no­lo­gi­ýa­lar mo­bil en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän şe­re­ket­ler bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge iter­gi ber­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­ler elekt­ron en­jam­la­ryň ser­gi­si­ne hem gat­naş­ýar­lar. Go­laý­da Las-We­gas­da ge­çi­ri­len ser­gi­de (CES) “Ford”, “Mercedes”, BMW, FCA, “Volks­wa­gen” ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar öz­le­ri­niň soň­ky teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan önüm­le­ri­ni gör­kez­di­ler. Iň soň­ky teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­la­ny­lyp dö­re­di­len ulag­la­ryň kä­bi­ri ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.
BMW-niň “Ho­loactive Touch” ul­ga­my
BMW tä­ze ne­sil ulag­la­ryn­da peý­da­lan­mak üçin go­log­ra­fik do­lan­dy­ryş ul­ga­my “Ho­loactive Touch” bi­len ta­nyş­dyr­dy. Bu ul­gam sü­rü­ji­niň el he­re­ket­le­ri­ni du­ýup, şo­ňa gö­rä, ula­gy ug­ruk­dyr­ýar. Ýag­ny sü­rü­ji ula­gyň ru­lu­na ýa-da do­lan­dy­ryl­ma­ga de­giş­li beý­le­ki ab­zal­la­ry­na eli­ni hiç de­gir­me­ýär. Şeý­le-de ne­mes bren­di “BMWi In­si­de Fu­tu­re” at­ly ula­gyň içi­ne or­naş­dy­ryl­ma­ga ni­ýet­le­nen di­zaý­ny hem köp­çü­li­ge gör­kez­di. Mun­da ula­gyň ru­ly sü­rü­ji­siz he­re­ket ed­ýän mod­da wag­ty rul ep­le­nip, içe­rik gir­ýär.
“Hon­da NeuV”: “Hon­da­nyň” de­kabr­da ta­nyş­dy­ran “NeuV” at­ly iki orun­lyk sü­rü­ji­siz ula­gy il­kin­ji ge­zek köp­çü­li­ge gör­ke­zil­di. Ulag ho­ja­ýy­ny­ny öýe ýa-da işe ge­ti­re­nin­den soň­ra öz­baş­dak tak­si­çi­lik edip bil­ýär. Şeý­le­lik­de, ol özi üçin edil­ýän çyk­da­jy­ny ýa­pyp bi­ler.
“Ford Fu­sion”: birmahal dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän kompaniýasy bolan “Forduň” gibrid ulagy “Fusion” modeliniň howpsuzlygy üpjün etmek üçin oturdylan sensorlary daşyndan seredeniňde görünmeýär. Ýadyňyzda bolsa, el telefonlarynyň ilkinji nusgalarynyň hem antennalary bardy. Emma tehnologiýanyň ösmegi netijesinde, ol antennalar enjamyň içine sygdyrylypdyr. Bu ýagdaýy hem şoňa meňzetse bolar. Sebäbi häzirki wagtda synag maksatly ulanylýan maşynlaryň daşy birtopar antenna we beýleki abzallar bilen enjamlaşdyrylan. “Fusion” modelini “Alexa” ulgamy arkaly uzakdan dolandyrmak hem mümkin.
Elekt­ro­kar­la­ryň sa­ny art­ýar
Geçen ýylyň sentýabrynda Parižde geçirilen awtoulag sergisinde tanyşdyrylan “Mercedes Concept EQ” “CES 2017”-niň hem myhmanlaryna görkezildi. 2019-njy ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýan elektrokar bir gezekki zarýad bilen 500 km ýol geçýär. Şeýle hem “Mercedes” emeli aň döretmekde “Nvidia” bilen hyzmatdaşlygy ýola goýandygyny aýtdy. Bu ylalaşygyň netijesinde, öndüriljek emeli aňly maşyn 2018-nji ýylda ýol hereketine goşular. Mundan başga-da nemes brendi geçen ýylyň sentýabrynda görkezilen “Vision Van” ulagyny hem sergä getiripdir. Daşky görnüşi adaty bolmadyk ulag dronlaryň kömegi bilen harytlary bellenen salgysyna ibermekde peýdalanylar.
Il­kin­ji ula­gy bo­lar
Elektrokar işläp taýýarlaýan “Faraday Future” şereketi köpçülikleýin önümçiligini ýola goýjak ilkinji elektrokaryny myhmanlaryň dykgatyna ýetirdi. “FF 91” atly sedan bir gezekki zarýad bilen 600 km ýol geçip bilýär. Kuwwaty 1050 at güýjüne barabar bolan model sagatda 100 km tizlige bary-ýogy 2,39 sekuntda çykýar. Şeýlelikde, bu ugurda öňdebaryjy hasaplanýan “Tesla”-nyň “S P100D” modeliniň 2,4 sekuntlyk rekordy hem täzelener.
“Nis­san Le­af”-iň tä­ze nes­li
Sergä gatnaşdyrylan “Nissan Leaf”-iň öňünden garaşylmadyk ýagdaýda bir zat çykan ýagdaýynda ony bada-bat sürüjä habar berip bilýär. “Seamless Autonomous Mobility” atly ulgam ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.
“Fi­at-Chrys­ler”: “Fi­at-Chrys­ler” kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ki­çi göw­rüm­li mik­roaw­to­bu­sy “Por­tal”-yň için­dä­ki en­jam­la­ryň sa­ny örän köp. Ula­gyň iki gap­da­la süý­şüp açyl­ýan ga­py­la­ry aw­tou­la­ga däl-de, kos­mos gä­mi­si­ne meň­ze­ýär.
“Hyun­dai Ioniq”: koreý kompaniýasynyň işläp taýýarlan sürüjisiz ulagy “Ioniq”-e daşyndan seredeniňde, onuň adaty ulagdan tapawutlydygyny aňyp bolmaýar. Ulagyň sensorlary üýtgeşik dizaýn arkaly görünmez ýaly edilipdir. taze-nesil-honda