Indi Eziz Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda ýurdumyzyň döwlet edaralaryndan, guramalaryndan, kärhanalaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlarymyzdan gelip gowşan hem-de ähli halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipler nazara alnyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda 2022-nji ýyl “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edildi. Munuň özi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň agzybir halkynyň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän guwandyryjy taryhy wakalary, syýasatda, ykdysadyýetde we medeni-durmuş ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri Arkadag Prezidentimiziň ady bilen aýrylmaz baglanşyklydygyna pugta ynanýandygyndan gözbaş alýar. Hut şoňa görä-de, türkmen halkynyň öz Arkadagyna, onuň pähim-paýhasdan gözbaş alýan ynsanperwer syýasatyna, gurýan adalatly raýat jemgyýetiniň ýagty geljegine bolan synmaz ynamy bolup durýar.

Bu şygar hormatly Prezidentimiziň ösüş arkaly dünýäniň parahatçylygyny pugtalandyrmak maksatly giň gerimli işlerini, ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmelerini, şeýle hem beýik başlangyçlaryň ýaşaýşymyza ornaşdyrylýan zamanasyny giňden wagyz edýär. Ähli ildeşlerimiz tarapyndan biragyzdan goldanan ýylymyzyň baş şygary eziz Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitli durmuşa ornaşdyrýan özgertmelerine bolan çäksiz hormatyň, söýginiň, eşretli ertirlerimiziň nurana ýollaryna bolan ynamyň dabaralandyrylmasydyr.

Täze ýylyň şygary hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalarynyň netijelerine, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gazanylan sepgitlere, Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar zamanasyny esaslandyrmagyna we rowaçlandyrmagyna, halkymyzy hem-de Watanymyzy täze belent derejelere ýetirmegine bildirilýän belent hormatyň aýdyň nyşanydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Ýaşasyn parahat durmuş!” diýip, dünýäni parahatçylyga, abadançylyga, agzybirlige we bagtyýarlyga çagyrýan Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz üstünlikli we netijeli durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirip, batly gadamlar bilen öňe barýar. Beýik işleriň, ösüşlere beslenýän döwrüň gatnaşyjysy bolan türkmen halky nesillerden-nesillere geçýän asylly däplerini dowam edip, kämilleşdirip, ruhubelentlik bilen  döredýär we gurýar.

Hormatly Prezidentimiziň Täze ýylyň garşylanýan ilkinji pursatlarynda ata-Watanymyzyň ýeten belent derejesini, rowaçlyklara beslenýän aýdyň menzillerini wasp edip ýazan “Jan Watanym Türkmenistan!” atly täze goşgusyny okamagy hemmämiz üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Goşgynyň mazmunynda döwletliligiň, watansöýüjiligiň döwrüň, ruhubelentligiň, döredijiligiň, ýagşy arzuw-niýetleriň inçe, ynsanperwer we nepis beýany ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan Watanymyza bolan çäksiz söýgüsiniň çuňňur pelsepewi manysyna goşgynyň deslapky bendini okanyňda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan,

Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!

Keremlidir ene toprak, keramatdyr mawy asman,

Edermendir ogul-gyzyň, jan Watanym Türkmenistan!

Halkyň ruhy baýlygynyň esasyny düzýän gymmatlyklaryň möhüm bölegi bolup durýan milli Liderimiziň şahyrana döredijiligi, ylmy-amaly, syýasy-jemgyýetçilik, çeper pikirlenmeleriniň, garaýyşlarynyň beýany bolan nusgalyk kitaplary ynsan ahlagynyň kämilligine, terbiýesine netijeli hyzmat edýär. Asly şahandaz, dörediji we gurujy halk bolan türkmen halky parahatçylygy söýüji, ynsanperwer garaýyşlaryny mydama kitaba, çeper döredijilige, yhlas bilen meşgullanylýan senetlere siňdiripdir. Şonuň üçin halk arasynda döredijilige we kitaba ylym-bilimiň çeşmesi, paýhas çyragy hökmünde garalýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça gazanylýan durnukly ösüşler eziz Diýarymyzyň dünýä ýüzündäki mertebesini barha belende galdyrýar. Ähli ulgamlaryň sazlaşykly ösüşini gazanmak maksady bilen, ýurduň ylmy kuwwatyny artdyrmaga ünsüň güýçlenmegi döwletimiziň dünýä bazaryndaky ornuny giňeltmäge täze mümkinçilikleri açýar. Ýangyç-energetika senagatynyň ösüş depginleri batlanýar. Şonuň bilen birlikde, ulag ulgamy dünýäniň syýasy giňişligine çykmaga zerur şertleri döredýär. Oba hojalyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen, daýhanlara döwlet tarapyndan yzygiderli goldawyň berilmegi bu pudagyň has-da girdejili bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Ýagşy niýetler bilen garşylanan Täze ýyl her bir ynsany saglykda, bagtyýarlykda umyt-arzuwlaryna ýetirsin! Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkynyň ynamyna mynasyp bolup, ilatyň agzybirligini, jebisligini we işjeňligini üpjün edip, ýurdumyzy parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen öňe alyp barýan döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik tutumlary rowaç bolsun!

Meret Meredow,

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy,

fizika-matematika ylymlarynyň doktory, dosent.