7-nji ýanwarda Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hem-de welaýatlarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny gowşurylyş dabaralary geçirildi. Şu ýyl bu baýraga çagalaryň 63-si, çagalar döredijilik toparlarynyň bolsa 2-si, ýagny Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň deprekçiler topary, şeýle-de Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň bagşylar ansambly mynasyp boldy. Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan çagalara hem-de döredijilik toparlaryna ýörite Şahadatnama hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra ýeňiji bolan çagalaryň birnäçesi öz aýdymlary bilen çykyş etdiler.

Bu baýrak 1992-nji ýyldan bäri zehinli çagalara gowşurylyp gelinýär.