Awstriýanyň öňki kansleri Sebastýan Kurs ABŞ-da işlemekçi. Ol transmilli korporasiýalara maýa goýum üçin ýöriteleşdirilen “Thiel Capital” gaznasynda global strategik wezipesini ýerine ýetirer. Onuň baş edarasy Kremniý (Silikon) jülgesinde ýerleşýär. Kremniý jülgesi Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko sebitiniň günorta bölegi bolup, täze açylan köp sanly kompaniýalaryň we ýokary tehnologiýaly halkara korporasiýalaryň, şol sanda, “Apple”, “Facebook” we “Google”-niň merkezi edarasy ýerleşýär.

Bu gazna ABŞ-nyň 45-nji prezidenti Donald Trampyň kampaniýasyna hemaýatkärlik eden we soňra bolsa onuň geňeşçisi bolup işleýän milliarder Piter Tiýeliň eýeçiligindedigi habar berilýär.

Awstriýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habaryna görä Kurs gaznanyň Ýewropa bölüminiň gözegçilik geňeşinde hem orun alar diýlip garaşylýar. Awstriýanyň kansleri we amerikaly milliarder 2017-nji ýylda Mýunhen howpsuzlyk maslahatynda duşuşdylar.