“Jeýms Webb” kosmos teleskopynyň diametri 6,5 metr bolan esasy aýnasy üstünlikli açyldy. Şeýlelik bilen, 25-nji dekabrda uçurylan teleskopyň doly işe girizmegiň ähli möhüm tapgyrlary tamamlandy. Bu NASA-nyň, Ýewropanyň we Kanadanyň kosmos agentlikleriniň bilelikdäki taslamasydyr.

-Ýene alty aý töweregi wagtdan bu teleskop arkaly suratlary alyp başlarys. Bu bolsa bize gözýetimiň aňrysyna seretmäge mümkinçilik berer. Ol maglumatlar biziň kimdigimiz, nireden gelendigimiz barada täze maglumat toplamaga ýardam berer – diýip, NASA-nyň dolandyryjysy Bil Nelson aýdýar.

Häzir “Jeýms Webb” teleskopy, biziň planetamyzdan 1,5 million kilometr uzaklykda, gözegçilikleriň geçiriljek Gün-Ýer ulgamynyň ikinji Lagranža nokadyna barýan ýoluny dowam etdirýär.