Türkiýäniň çempionatynda häzirki wagtda Trabzonspor sanawyň başyny çekip, adaty ýagdaýda olaryň möwsümi çempionlyk bilen tamamlamagyna garaşylýar. Stambul şäheriniň üç uly wekili, “Uly üçlük” (Üç Büyükler) diýlip tanalýan soňky çempion Beşiktaş, şeýle-de Fenerbahçe hem-de Galatasaraý bu möwsüm çempionlykdan kem-kemden daşlaşýar. Şol nukdaýnazardan 3 topar hem tälimçisini wezipesinden boşatdy. Galatasaraýyň hem Fatih Terimi wezipesinden ugratmagyndan soň olaryň üçüsi hem tälimçisiz galdy. Başgaça aýdylanda, “Uly üçlük” diýilýän Galatasaraý, Fenerbahçe we soňky çempion Beşiktaş toparlarynyň häzirlikçe tälimçileri ýok. Beşiktaşda geçen möwsüm topary çempion eden Sergen Ýalçyn 9-njy dekabrda taraplaryň ylalaşygy netijesinde işini taşlapdy. Fenerbahçe bolsa portugaliýa Witor Pereirany 20-nji dekabrda şowly netijelerde yzygiderlilik gazanyp bilmändigi üçin wezipesinden boşadypdy. Beşiktaş bilen Fenerbahçäniň häzirki tälimçileri wagtlaýynça bolup, iki klubuň hem tälimçi gözlegi dowam edýär.
Umumylykda iň köp tälimçi çalyşýan çempionatlaryň biri hökmünde belli bolan Süper Ligde şu möwsümde 16 tälimçi wezipesinden boşadylyp, käbir klublar 3, käbirleri-de 2 gezek tälimçilerini işinden boşatdy.