Niderlandlarda parlament saýlawlaryndan 299 gün soň resmi taýdan hökümet döredildi. 2021-nji ýylyň 15-17-nji martynda ýurduň ýokary kanun çykaryjy edarasyna saýlawlar geçirildi. Häkimiýet başyna “Erkinlik we demokratiýa üçin halk partiýasy”, “Hristian Demokratlar Bileleşigi”, “Demokratlar 66” we “Hristian Bileleşigi” ýaly dört partiýaly täze koalisiýa hökümeti geldi.
“Erkinlik we demokratiýa üçin halk partiýasynyň” lideri Mark Rutte tarapyndan bellenen Ministrler Kabinetiniň täze agzalary Gaagadaky Noordeýnde köşgünde Korol Aleksandr bilen bolan duşuşykda kasam kabul etdiler. Kasam kabul edişlik dabarasy Niderlandlaryň teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkezildi. Patyşa bilen köşgüň bagynda bilelikdäki surat sessiýasyndan soň, ministrliklerde hökümetiň täze düzümine wezipeleri tabşyrmak dabarasy geçirildi.
Niderlandlaryň Premýer-ministri wezipesini Mark Rýutte eýeläp, koalisiýadaky beýleki üç partiýanyň dalaşgärleri wise-premýerler boldular. Täze hökümetiň düzümine 19 ministr we 9 döwlet ministri girdi. Ozal gazanylan ylalaşyga laýyklykda, “Erkinlik we demokratiýa üçin halk partiýasy” 8 ministr we 3 döwlet ministrini, “Demokratlar 66” 6 ministr we 3 döwlet ministrini, “Hristian Demokratik Bileleşigi” 4 ministr we 2 döwlet ministrini we “Hristian Bileleşigi” 2 ministr we 1 döwlet ministrini hödürledi.