Ger­ma­ni­ýa­da, Hris­ti­an-de­mok­ra­tik we Hris­ti­an-so­si­al par­ti­ýalarynyň bi­le­le­şi­gi Frank-Wal­ter Ştaýn­ma­ýe­riň ikin­ji pre­zi­dent­lik möh­le­ti­ne gaý­ta­dan saý­lan­ma­gy­ny gol­da­dy. Syn­çy­la­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, 13-nji few­ral­da me­ýil­leş­di­ril­ýän fe­de­ral mas­la­hat­da bu me­se­le ba­bat­da­ky ses be­riş­lik di­ňe res­mi adat bo­lar.
6-njy ýan­war­da 66 ýa­şy­ny dol­du­ran Ştaýn­ma­ýer, 2017-nji ýyl­da Ýoa­him Gau­kyň or­nu­na ge­lip­di. Ol ge­çen ýy­lyň maý aýyn­da ýe­ne bäş ýyl döw­let Baş­tu­ta­ny bol­mak ni­ýe­ti­ni­niň bar­dy­gy­ny mä­lim et­di. On­dan öň Ştaýn­ma­ýe­riň da­laş­gär­li­gi­ni Ger­ma­ni­ýa­nyň So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy we do­lan­dy­ry­jy koa­li­si­ýa­nyň ag­za­sy bo­lan Er­kin-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy gol­dap­dy. Şeý­le hem «Ýa­şyl­lar» Pre­zi­den­tiň pan­de­mi­ýa­nyň ne­ti­je­le­ri­ni ýe­ňip geç­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler.
Ger­ma­ni­ýa­da Pre­zi­dent, iň ýo­ka­ry döw­let iş­gä­ri hök­mün­de, esa­san, we­kil­çi­lik­li we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Frank-Wal­ter Ştaýn­ma­ýer Pre­zi­dent bol­man­ka, An­ge­la Mer­ke­liň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky hö­kü­me­tiň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri bo­lup iş­le­di.