5-9-njy ýan­war ara­ly­gyn­da Finl­ýan­di­ýa­nyň paý­tag­ty Hel­sin­ki­de her ýyl­da gu­ral­ýan «Lux Hel­sin­ki» ýag­ty­lyk fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­di. Bu çä­re ko­ro­na­wi­rus pan­de­mi­ýa­sy se­bäp­li ge­çen ýyl ýa­ty­ry­lyp­dy.
– Fes­ti­wal­da şu ýyl re­kord muk­dar­da eser­ler hö­dür­len­di. Gur­na­ma­lar şä­he­riň hem­me ýe­rin­de, esa­san hem, açyk meý­dan­da ýer­leş­ýär. Bu ýag­daý dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar do­wam ed­ýä­nem bol­sa, fes­ti­wa­la gat­naş­ma­gy howp­suz ed­ýär – di­ýip, gu­ra­ma­çy­lar bel­le­di­ler.
In­di 10 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri gu­ral­ýan «Lux Hel­sin­ki» fes­ti­wa­ly şä­he­riň mer­ke­zin­de ge­çi­ril­ýär. Fin su­rat­ke­şi Ot­so War­tiaý­ne­niň gur­na­ma­la­ry şu ýyl 70 ýa­şy­ny dol­dur­ýan iri söw­da mer­ke­zi bo­lan «Fo­rum»-yň hem-de ýer­li ilat we ja­han­keş­de­le­riň ara­syn­da meş­hur söw­da ýe­ri «City cen­ter»-iň üçek­le­ri­ni be­ze­di. Ýag­ty­ly­gyň dür­li ugur­la­ra bö­lün­ýän şöh­le­le­ri­ni uzak­dan hem syn­la­mak bol­ýar.
Hel­sin­ki­niň mer­ke­zin­dä­ki fes­ti­wa­lyň ýe­ne bir mak­sa­dy par­la­ment bi­na­sy bol­dy. Onuň yşyk­lan­dy­ry­ly­şy­nyň öz­bo­luş­ly­ly­gy to­ma­şa­çy­lar­da çyn­la­kaý tä­sir gal­dyr­dy. Şä­he­riň baş­ga bir ýe­rin­de – Olim­pi­ýa sta­dio­ny­nyň ýo­kar­syn­da­ky «De­mir­ga­zyk çy­ra­la­ry» gur­na­ma­sy, şä­he­re has-da gö­zel­lik ber­di.
Ser­gi­niň bir bö­le­gi paý­tag­tyň Kor­kea­saa­ri haý­wa­nat ba­gyn­da ýer­leş­ýär. Bu ýer­de te­bi­ga­tyň ses­le­ri ýag­ty­lyk bi­len ut­gaş­dy­ry­lyp hö­dür­len­di. Bu ese­riň aw­to­ry Wille Aal­to bu re­al ses­le­riň adam­la­ra bio­dür­lü­li­gi go­ra­ma­gyň äh­mi­ýe­ti, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly müm­kin­çi­lik­ler ba­ra­da bi­lim ber­jek­di­gi­ni öňe sür­di.