Hytaý ýitip gitmek howpy abanýan ösümlik görnüşlerini tebigy ösýän ýerleriniň daşynda gorap saklamak üçin milli botanika baglarynyň ulgamyny döreder. Bu barada HHR-iň tokaý we sähra hojalygy döwlet dolandyryş gullugy mälim etdi. Guramanyň maglumatlaryna görä, bu ulgam ýurda esasy goralýan ýabany ösümlik görnüşleriniň 85 göteriminden gowragyny ýuwaş-ýuwaşdan tebigy ösýän ýerleriniň daşynda ýerleşdirmäge kömek eder diýlip garaşylýar.
Ýakynda Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşi Pekinde milli botanika bagynyň döredilmegini makullady, onuň meýilleşdirilýän meýdany 594 gektar bolup, demirgazyk we günorta zolakdan ybarat bolar. Hususan-da, Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Ösümlik senagaty institutynyň esasynda dörediljek günorta zolak, esasan, biodürlüligi gorap saklamak we ösümlik baýlyklaryny ulanmak maksady bilen esasy tehnologiýalary ösdürmek boýunça düýpli gözleglere ünsi jemlär.
Pekiniň botanika baglarynyň esasynda döredilen demirgazyk zolak, seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan ösümlik görnüşlerini goramak we köpeltmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen dörediler. Hytaý dürli-dürli ösümliklere iň baý ýurtlaryň biri bolup, 36 müňden gowrak ösümligiň ösýändigi hasaba alnypdyr. Häzirki wagtda Hytaýda 162 botanika bagy bolup, ýurtda ýerli ösümlik görnüşleriniň 60%-i tebigy ýaşaýyş ýerlerinden daşarda goralýar.