ABŞ-da 350 ýyl ozal Uly köllerde ýitirim bolan «Grifon» gämisiniň galyndylaryny anykladylar. Gämi fransuz barlag geçirijisi Rene-Robert Kawalier de La Salem tarapyndan gurlup, Aziýa ugur almak üçin niýetlenipdi, ýöne 1679-njy ýylda Miçigan kölüniň üsti bilen gymmat bahaly ýük alyp barýarka ýitirim bolupdy. Gäminiň syrly ýitmegi deňiz syrlarynyň birine öwrülipdi. Bilermenler gämi heläkçiliginiň esasy sebäbiniň köp günlük tupan bolandygyna ynanýarlar.
PDF









