Alymlar 1,5 million ýyl ozalky tebigy şertleri öwrenmek maksady bilen günorta polýusda iş alyp barýarlar. Italýan we fransuz alymlary buz gatlagynyň 2 müň 700 metr aşagyndan nusgalyk toplarlar. Häzire çenli 130 metr gazylypdyr. Ýer ýüzündäki howa ýagdaýyny we global maýylganlygy öwrenmek maksady bilen durmuşa geçirilýän taslama 7 ýyl dowam eder. Ýeriň astyndan alynjak buzlar bolup geçen üýtgeşmäni öwrenmäge ýardam eder. Taslamanyň umymy bahasynyň 11 million ýewrodygy mälim edildi. «Epica» atly taslamanyň 1996-2005-nji ýyllar aralygynda geçirilen birinji tapgyrynda, 800 müň ýyl ozal emele gelen buz nusgalary alnypdy.
Aknur Aklyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.