Elektrik energiýasy bilen işleýän enjamlaryň, hatda ulaglaryň artmagy energiýany tygşytlaýan tehnologiýa bolan zerurlygy ýüze çykarýar. IBM kompaniýasy mobil enjamlara oturdyp boljak çip işläp taýýarlaýar. Bu ýarym geçirijiler telefonyň zarýad sarp edişini görnetin azaldýar. Bu çipler smartfonyň zarýadyny 4 güne çenli ulanmaga mümkinçilik berer. Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň orunbasary geljekde telefonlarda zarýad meselesiniň aradan aýryljakdygyny mälim etdi. Bilermenler 2 nanometrlik çipleriň daşky gurşawyň aýawly saklanmagyna ýardam etjekdigini belleýärler.
Soňky wagtlarda kompaniýa daşky gurşawy aýawly saklamak üçin täze taslamalary durmuşa geçirýär. Bu ugurda has köp işlemek isleýän tehnologiýa ägirdi energiýany dolandyrmak we maglumat seljeriş ulgamynda işleýän «Envizi» atly kompaniýanyň paýnamalaryny satyn aldy.
Gülälek Haýdarowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.