ABŞ-nyň başga bir kompaniýasynyň başlangyjy bilen «Tesla» kompaniýasy elektroulaglarynyň batareýasyny täzeledi. Şonuň netijesinde, täze elektroulag 1210 kilometrlik menzil aşmagy başardy. Bu batareýany ABŞ-nyň «Our Next Energy» atly kompaniýasy öndüripdir. Bu batareýa oturdylan «Tesla Model S» elektroulagy bir gezekki zarýady bilen 1210 kilometr ýol geçdi. Ulagyň öz batareýasy bilen 500 kilometr ýol geçip bolýar. Amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mujib Ijaz işläp düzen batareýalarynyň howpsuz hem-de ekologiýa taýdan arassadygyny belleýär. Mujib Ijaz batareýa önümçiliginden nikel bilen kobalty aýyrmak isleýändiklerini aýdýar.
Aýmyrat KAKAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.