Gök ça­ýyň peý­da­ly ta­rap­la­ry ba­ra­da köp san­ly yl­my-bar­lag­lar ge­çi­ril­di. Şo­la­ryň ne­ti­je­sin­de, gök ça­ýyň adam öm­rü­ni uzalt­mak­da hem mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Şeý­le yl­my-bar­lag­la­ryň ýe­ne-de bi­ri hy­taý­ly alym­lar ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ip, şo­nuň ne­ti­je­sin­de, gök çaýyň ýü­rek-da­mar ke­sel­le­rin­den go­ra­ma­ga kö­mek edip bil­jek­di­gi anyk­lan­dy. Bu yl­my-bar­lag işi­ne dür­li ke­sel­ler bi­len ke­sel­län 100 müň­den gow­rak adam gat­naş­dy. Ola­ry 2 to­pa­ra bö­lüp, bi­rin­ji to­par hep­de­de azyn­dan 3 ge­zek gök çaý içen bol­sa, beý­le­ki to­pa­ra gök çaý be­ril­me­di. 7 ýyl­lyk bar­lag­dan soň­ra, gök çaý iç­en bi­rin­ji to­par­da­ky adam­lar­da ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri bi­len ke­sel­le­mek 20 gö­te­rim aza­lyp, hat­da şeý­le ke­sel­le­riň ala­mat­la­ry­nyň ýü­ze çyk­ma­gynyň hem aza­lan­dy­gy mä­lim edil­di.
Yl­my-bar­la­gyň aw­tor­da­şy bo­lan alym Dun­fen Gu uzak wag­tyň do­wa­myn­da yzy­gi­der­li gök çaý iç­me­giň ýü­rek-da­mar ke­sel­le­rin­den go­ra­mak­da ne­ti­je­li bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Alym­lar gök we ga­ra ça­ýy hem de­ňeş­di­rip, gök çaý­da­ky po­li­fe­no­lyň okis­len­me geç­män, dür­li ke­sel­le­re gar­şy go­rag­ly­ly­gy­ny sak­lap gal­ýan­dy­gyny bel­le­diler.

Ah­met AH­ME­DOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba
ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.