Howa gämilerini öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan «Boeing» bäsdeşi «Airbus»-dan ozdurdy. Amerikan kompaniýasy geçen ýyl 909 uçar sargyt alypdyr. Kompaniýanyň ýewropaly bäsdeşi 771 sargyt alypdyr. Şeýle-de bolsa, «Boeing» 340 uçary, «Airbus» 611 uçary müşderilerine gowşurypdyr. Şeýlelikde, «Boeing» uçar sargydynda «Airbus»-dan geçen hem bolsa, uçar öndürmekde «Airbus» öňdeligi saklap galypdyr.
«Airbus» kompaniýasy soňky ýyllarda köp orunlyk iki gatly ýolagçy uçarlaryny öndürip, amerikan bäsdeşinden ozdurypdy. Şeýle hem kompaniýa awiasiýa pudagy üçin arassa ýangyç tehnologiýasyny işläp taýýarlaýar.
Suhan HOJAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.