1974-nji ýylda Türkmen oba hojalyk institutynyň (häzirki S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti) Maşyn-traktor parkynyň ekspluatasiýasy kafedrasyna işe gelende Kadyr Myradow aýdylyşy ýaly, eýýäm «ýüňi ýeten» hünärmendi. Öz ugrundan «kän çorba sowadansoň» ady agzalsa, «Näme iş bolsa-da gözüne gül salar» diýdiribilýärdi. Sebäbi gadymy hem joşly Jeýhun ýakasynda – Türkmenabat şäherinde 1937-nji ýylda abraýly maşgalada dünýä inip, 1956-njy ýylda orta mekdebi tapawutlanyp tamamlan mahaly «Geljekde şundan bir zat çykar» diýdiribilen ýigitdi. Häzirki S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetinde 1956-1961-nji ýyllarda okanda-da, deň-duşlaryndan tapawutlanýardy, ylmy gözlegleri bilen göze ilýärdi. Şondandyr, inžener–mehanik hünäri boýunça diplom alandan ony Ekerançylyk ylmy-barlag institutynyň Maşyn-traktor parkynyň ekspluatasiýasy we pagtaçylyk maşynlar ulgamy bölüminde uly ylmy işgär edip kabul edipdiler.
Ussatlyga, käriňde kämillige ýetmek üçin diňe iş tejribesem ýeterlik däl. Hökman ylym goruň doly bolmaly. Şonuň üçin hem ol Russiýadaky Oba hojalyk institutyna aspirantura girdi. Üç ýyllap agtarylan kitaplar, özbaşdak geçirilen tejribelerdir amallar, çykarylan çözgütler, toprak, howa, suw şertlerine baglylykda güneşli Türkmenistanda öndürijilikli işläp biljek oba hojalyk tehnikalary, olaryň ulanylyş aýratynlyklary, ekologiýa taýdan kadalylygy… garaz, gözüň köküni gyryp, saçlary selçeňleden ylmy gözlegler «Iňňe bilen guýy gazandan» ýeňil däl. Ýöne azabyň lezzetem bar. Ylym dünýäsinde ykrar edilibilseň ne armanyň! «Zähmet soňy-rehnet» diýleni bolup, 1968-nji ýylda tehniki ylymlaryň kandidaty derejesine eýe bolan Kadyr Myradowyň 1967-1974-nji ýyllarda Ekerançylyk ylmy-barlag institutynyň Maşyn-traktor parkynyň ekspluatasiýasy we pagtaçylyk maşynlar ulgamy bölüminiň kiçi ylmy işgärliginden başlanan zähmet ýoly kem-kemden uzap, janypkeşlikli zähmetiň hem-de irginsiz ylmy gözlegleriň «merduwany» bölüm müdiri wezipesine çenli ýetirdi.
Ylmyň çuňluklaryna ýetme ýok. Ýöne oňa guwwas bolup bir gireňsoň, näçe «çümübilseň» düýbünden şonça-da «dür’ çykarjagyňa şek ýok. Bu hakykata aňryýany bilen düşünýän ylma teşne adam Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde öz bilimini artdyrdy. Şol bir wagtda-da doktorlyk dissertasiýasynyň üstünde işledi. Şeýlelikde, 1982-nji ýylda tehniki ylymlaryň doktorlygy üçin jemagat öňünde dissertasiýa gorady. Şondan köp wagt geçmänkä bolsa Kadyr Myradow S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak kafedrasynda talyplara sapak berip başlady. 1999-njy ýyldan başlanan pedagoglyk-halypalyk ýoly tä ömrüniň ahyryna – 2021-nji ýyla çenli abraý-mertebe bilen dowam etdi. Onuň uçurym eden talyplary ýurdumyzyň dürli pudaklarynda abraý bilen işleşip ýörler. Olaryň içinde alymam, zähmeti bilen hormatly atlara eýe bolanlaram, tehnikalara ezberlik bilen erk edýänlerem, oýlap tapyjylyk bilen zähmeti ýeňilleşdirmäge, önümçilik kuwwatyny artdyrmaga, daşky gurşawyň goraglylygyny has ygtybarlylandyrmaga saldamly goşant goşýan oýlap tapyjylaram, guramaçy ýolbaşçylaram bar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň mugallymy Merdan Şammedowyň: «Şu ýatlamany ýazmazdan ozal öňde bir şägirdiň «Halypa hakynda ýazmak gaty kyn, nusgalyk mekdebine öwrülen halypa hakynda ýazmazlyk bolsa asla mümkin däl » diýip, aýdan sözleri biygtyýar ýadyňa düşýär.
Halypa özüniň zähmet ýoluny Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen aýrylmaz derejede baglap, bu ýerde işlän döwründe talyplara döwrebap bilim bermegiň özboluşly mekdebini döredip bilen ussatdy. Şonuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň ündeýän halypa-şägirtlik ýörelgelerinden ugur alyp köp sanly mugallymlara halypaçylyk etmegiň hem göreldesini görkezdi. Halypanyň ylma höweslendirip, ak pata beren şägirtleriniň sany onlarçadyr.
Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak kafedrasyna işe gelen günlerimizde Maşyn-traktor parkynyň ulanylyşy dersinden sapak okatdyk. Ussat halypa bilen egin-egne berip, bir kafedrada zähmet çekmek biz ýaş mugallymlar üçin elýetmez bagtdy, uly mekdepdi, şol bir wagtda-da synagdy. Professor K. Myradow bize halypalyk edip, mugallymçylyk etmegiň inçe syrlaryny, okadylýan dersi nähili edip düşnükli, sada dilde talyplara ýetirmegiň syrlaryny-tärlerini, psihologik aýratynlyk bilen çemeleşmegi hem-de olaryň bilimdir başarnyklaryny ýüze çykarmagyň ýollaryny birin-birin irginsizlik bilen öwretdi. Şol bir wagtda ol diýseň talapkärdem.
Ussat halypanyň maslahatyna eýerip men hem «Tehniki ylymlaryň kandidaty» ylmy adyna dalaş etmek üçin 2013-2016-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda aspiranturada okadym. Halypanyň ýakyndan goldaw bermeginde «Doly awtomatlaşdyrylan awtoulag duralgasy» atly ylmy işime hem başladym. Ol döwrümiziň ösüşleri, ylaýta-da Aziýanyň merjen şäherine öwrülen gözel paýtagtymyz Aşgabadyň binagärlik keşbiniň bir bölegi, şeýle-de raýatlarymyzyň amatly hem howpsuz gatnawlary, ekologiýa talaplarynyň kadalary bilen berk baglanyşykly. Bu işi abraý bilen alyp çykmagymda halypamyň unudylmaz goldaw-hemaýaty bar.
Eger-de uzaga çeken agyr kesel ussadymyzy aramyzdan alyp gitmedik bolsa başga-da öwrenjek zatlarymyz köpdi. Emma durmuşyň, ykbalyň öz kanunlary, öz akymy bar. Biziň indi şägirt hökmünde ussat halypamyz üçin ýeke-täk edip biljek zadymyz, onuň ylmy başlangyçlaryny dowam edip, öz kärimize wepaly bolup zähmet çekmegimizdir. Sebäbi halypanyň gulagymyza guýşy ýaly, öz mähriban Watanyňa, mährem il-günüňe hyzmat etmek bagtyň ulusydyr.
Bu ýatlamanyň dowamyny S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygyny elektrikleşdirmek we awtomatlaşdyrmak kafedrasynyň dosenti, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Işanmuhammet Handöwletow dowam edip şeýle diýdi:
– Maňa 1983-nji ýyldan başlap Kadyr Myradow bilen bile işleşmek miýesser etdi. Ol durky bilen görüm-göreldä ýugrulan abraýly professor, tehniki ylymlaryň doktory bolup, ylmy jemgyýetçilikde abraý-mertebe gazanyp bilen hakyky alymdy. Ilkinjileriň hatarynda hormatly Prezidentimiziň berýän goldawlarynyň esasynda ýurdumyzda bilim syýasatynyň maksatlaryna dürs düşünip, ony durmuşa geçirmäge we wagyz etmäge, özgerdilen hojalyk şertlerinde zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak işini döwrebap guramaga diýseň işjeň gatnaşýardy. Şol bir wagtda-da aspirantlaryň we doktorantlaryň ylmy işlerine ýolbaşçylyk etmekde hem azabyny gaýgyrmazdy, gerekli maslahat ýa kömek üçin haçan barsaň gapysam, ýüzem açykdy.
Kadyr Myradow ynsan bezegi bolan ýokary adamkärçilik sypatlary, ynsanperwerlik, adyllyk, özüne hem-de işdeş ýoldaşlaryna talapkärlik, zähmetsöýerlik, il-günüň ýagşysyna ýaramak häsiýetleri bilen işdeş ýoldaşlarynyň arasynda-da, giň köpçüligiň arasynda-da uly sylag-hormata eýedi.
Şeýle bir adamlar bolýar, edil ýagşylykdan ýasalan ýaly. Ine, gürrüňi edilýän halypa hem hut şeýle adamlardandy. Onuň ýaşlara nusga, işdeşlerine ýörelge, oba hojalyk ylmynyň we biliminiň, oba hojalygynyň tehniki önümçiliginiň guramaçylarynyň biri hökmünde bitiren işleridir hyzmatlary sanardan köp. Ol mähriban Watanymyza hem-de ulus-ile ak ýürekden gulluk edip, öz ömrüniň manysyna hem güýç-kuwwatynyň badalgasyna öwrülen ussat halypa bolup ýadymyzda galdy. Bize – şägirtlerine nusgalyk ýol görkezip gitdi.
Kadyr Myradow 1998-nji ýylda ylymda bitiren hyzmatlary, esasan hem kämil pedagog-halypa hökmünde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdebinde bilim bermegiň nusgalyk işini bitirendigi, köp ýyllyk abraýly zähmeti üçin «Türkmenistanyň ussat mugallymy» adyna eýe boldy. 2010-njy ýylda bolsa «Gaýrat» medaly bilen sylaglandy.
Öz päk zähmeti, aslymyza mahsus bolan kämil adamkärçilik sypatlary bilen belent hormat-sylaglara mynasyp bolan abraýly halypanyň ömür ýoly şägirtleri üçin görelde mekdebidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bolsa ömrüni manyly geçiren şeýle şahsyýetlere hakyky gadyr-gymmat goýulýan ajaýyp zamanadyr.
Hojadurdy Hojadurdyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.