14-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de onuň eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça Pudagara toparyň işini kämilleşdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň ilatyny azyk harytlary bilen üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri netijeli çözmek maksady bilen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, olaryň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak üçin degişli Pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şunuň bilen birlikde, zerur azyk harytlarynyň daşary ýurtlardan getirilmeli görnüşleri öwrenilýär we olaryň üpjünçiligi boýunça zerur işler alnyp barylýar. Pudagara toparyň işini kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklipler döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň mukdaryny we Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini pugtalandyrmak we üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Döwletimiz bu ugurda zerur şertleri we mümkinçilikleri döredýär.

Milli Liderimiz möhüm ulag ýollarynyň çatrygynda çäk taýdan amatly ýerleşen ýurdumyzda gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, halkara söwdada dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özleşdirmek maksady bilen, daşarky bazarlaryň isleglerini we mümkinçiliklerini öwrenmek babatda wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.