Ýewropa ýurtlarynda elektroulaglara berilýän döwlet goldawy we dizel ýangyçly ulaglaryň çäklendirilmegi bilen elektroulag satuwy görnetin ýokarlandy. “Financial Times” neşiri üçin taýýarlanan maglumata görä, Birleşen Patyşalyk bilen bir hatarda 18 Ýewropa ýurdunda satylan awtoulaglaryň bäşden birinden gowragyny elektrik energiýasy bilen işleýän maşynlar emele getiripdir. Gibridleri hem hasaba alanyňda dizel motorly ulaglar 19 göterimden pes bolupdyr. Geçen ýylyň dekabrynda Günbatar Ýewropa ýurtlarynda 176 müňden gowrak elektroulag satylyp, bu ugurda rekord goýlupdyr. Bu görkeziji ozalky ýylyň degişli döwründäkiden 6 göterim ýokary. Geçen aý satylan dizel ýangyçly ulaglaryň sany 160 müň bolupdyr.