17-nji ýanwarda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Norow ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň depgini barada nygtamak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňe gitmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini bellediler.
Iki ýurduň arasynda halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da BMG we düzümleýin edaralarynyň çäginde özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesini beýan edip, taraplar iki ýurduň hem sebitde we dünýäde durnuklylygy, ykdysady ösüşi we howpsuzlygy saklamak üçin täsirli köptaraplaýyn usullary gözlemäge ygrarlydyklaryny aýtdylar.
Bilelikdäki hereketler üçin giň mümkinçilikleri bolan söwda we ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň ähmiýeti bellenildi. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar sebitdäki özara gatnaşyklar barada durup geçip, doganlyk Owganystanda parahatçylygyň, ylalaşygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi ugrunda kömek etmek islegindäki birligini nygtadylar. Türkmenistan we Özbegistan Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady we ynsanperwerlik goldawy bermegi dowam etdirýärler.
Ulag-logistika, energetika, himiýa we senagat ulgamlaryndaky hem-de maglumat howpsuzlygy ugrundaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerine seredilip geçildi. Mundan başga-da taraplar medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna hem jikme-jik seredip geçdiler.