Çempionlar Ligasynyň hem-de La Liganyň iň köp çempion bolan futbolçysy aradan çykdy

328

UEFA Çempionlar Ligasyny iň köp gazanan futbolçy Fransisko Pako Hento Lopez 88 ýaşynda aradan çykdy. Ol ýaryşyň ilkinji ýyllarynda Ýewropanyň Çempion Klublarynyň Kubogy ýaryşy döwründe Real Madridiň gazanan 6 çempionlygyna uly goşant goşan ýeke-täk futbolçydy. Çep gyraky hüjümçiniň ornunda oýnan Pako Hento UEFA-nyň birinji derejeli klub ýaryşynda 6 gezek çempionlyk gazanan ýeke-täk futbolçy bolup, ol 1933-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda dünýä inýär. 1952-nji Rasing Santanderde futbol başlan Hento 1953-nji ýylda Realyň düzümine goşulýar we karýerasynyň ahyryna (1971) bu klubda oýnaýar. La Ligada-da 12 çempionlyk gazanyp, bu ugurda-da rekordyň eýesi bolan Hento Ispaniýanyň ýygyndysynda 43 oýunda 5 gol geçirýär. Hento klub karýerasynda 620 oýunda 180 gezek tapawutlanýar.