18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz ir säher bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda täze taýçanagyň dünýä inendigi baradaky hoş habary eşidip, bu topluma geldi.

Bu ýerde işleýän atşynas milli Liderimizi mähirli garşylap, döwlet Baştutanymyza täze doglan taýy görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz atşynas bilen salamlaşyp, onuň iş aladalary, maşgala durmuşy, hal-ahwallary bilen içgin gyzyklandy hem-de onuň Döwlet tugramyzda orun alan ahalteke bedewiniň şöhratyny dünýä ýaýmak, şöhratly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk däplerini döwrebap derejede ösdürmek ýaly asylly käriň eýesidigini belledi. Milli Liderimiz bu ugurda mundan beýläk-de zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegi üçin döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada ediljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz täze ýylyň ilkinji günlerinde nurana taýçanagyň dünýä inmeginiň taryhy pursatlary buşlaýan şatlyga öwrülendigini belledi. Milli Liderimiz “At — myrat” diýlişi ýaly, häzirki döwürde pederlerimizden miras galan seýisçilik sungatynyň döwrebap derejede dowam edýändigini, behişdi bedewleriň göwnejaý idedilmegine, olaryň tohum arassalygynyň goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, atşynaslara alyp barýan asylly işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň seýsi, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary O.Annalyýew milli Liderimiziň bu künjege Şa gadamynyň düşen pursatlarynda ady rowaýata öwrülen Pereňiň nesil ugruna degişli Gözbaş we Keýkilhan atly bedewlerden bolan gurtmele reňkli taýçanaga at dakyp bermegini hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz geçmişde her bir türkmeniň howlusynda atyň bolandygyny, eger, täze taýçanak dünýä inse, bu habaryň edil çaga dünýä inen ýaly çar töwerege buşlanandygyny we oňa mynasyp at dakylandygyny gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň bu ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrandygyny aýdyp we şundan ugur alyp, bu taýçanaga Zaman diýlip at dakylsa ýerine düşjekdigini belledi.

— Goý, bu taýyň ady Zaman bolsun! Geljek 30 ýyly öz içine alýan täze döwre niýetlenen beýik maksatlarymyz bedew bady bilen dowamat-dowam bolsun! — diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara eýerip, Ogulabat ejäniň ören alajasyny ýagşy arzuwlar bilen taýçanagyň boýnuna dakdy.

Milli Liderimiz atşynaslara alyp barýan döwletli işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Atşynasa döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgat gowşuryldy.