Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek hakynda
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygar astynda geçýän 2022-nji ýyla — berkarar döwletimiziň täze eýýamyna aýdyň maksatlar, uly ruhubelentlik bilen gadam basdy.
Täze eýýamda mähriban Watanymyzy geljek 30 ýylda syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny, şeýle hem döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleleri jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alyp maslahatlaşmak üçin, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty karar edýär:
- Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde, Ahal welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky Ruhyýet köşklerinde sanly ulgam arkaly geçirmeli.
- Şu kararyň birinji böleginde görkezilen mejlise taýýarlyk görmek we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmek bilen bagly işleri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde geçirmegi üpjün etmeli we bu işleri utgaşdyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 18-nji ýanwary.