Dubaýyň häkimiýetleri zehinli daşary ýurtly erkin işleýänler üçin üç ýyllyk «Talent Pass» wizalaryny hödürleýär. Häzirki başlangyç ykdysadyýet, metbugat, bilim, tehnologiýa, sungat, marketing we maslahat beriş ýaly pudaklary ösdürmek maksady bilen emirlige aýratyn başarnykly döredijilik adamlaryny çekmek üçin niýetlenendir.
Täze başlangyjy durmuşa geçirmek baradaky ylalaşyga Dubaýyň howa menzilleriniň erkin ykdysady zolagynyň (DAFZ), Dubaýyň sungat we medeniýet edarasynyň hem-de Dubaýdaky ýaşaýyş we halkara gatnaşyklar boýunça Baş müdirliginiň ýolbaşçylary (GDRFA Dubai) gol çekdi. Bu edaralar zehinli hünärmenler üçin wiza we ygtyýarnama bermekde, şeýle hem Dubaýdaky biznesini ösdürmek nukdaýnazaryndan hünärmenlere beýleki hyzmatlary bermekde hyzmatdaşlyk ederler.
Täze «Talent Pass» resminamasy, öz eýesine üç ýyllyk ýaşamaga we DAFZ-yň çäginde ofis ýerini kärendesine almaga we 1800-den gowrak kompaniýanyň işleýän ösen zolakly ekoulgamyna girmäge hukuk berer. Täze başlangyç, işewürlik gurşawyny has-da janlandyrar we innowatorlar we zehinliler üçin global maksat hökmünde Dubaýyň ornuny berkider. «Talent Pass»-yň eýeleri «medeni wiza» eýe bolarlar.
2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Dubaýyň sungat we medeniýet edarasy suratkeşleriň rezident wizalary üçin arzalaryň kabul edilendigini habar berdi. «Medeni» wizalara eýe bolanlar, «Al Quoz» senagat sebitindäki täze ýöriteleşdirilen «Al Quoz Creative Zone» döredijilik zolagynyň ýaşaýjylary bolarlar. 2021-nji ýylyň ýazynda işe girizilen erkin zolagyň çäklerinde suratkeşler ýaşap, işläp, eserlerini görkezip, önümlerini satyp hem-de ussatlyk sapaklaryny geçip bilerler. Täze topar, Dubaýyň döredijilik ykdysadyýeti strategiýasynyň bir bölegine öwrüldi. Strategiýa laýyklykda, ýakyn 5 ýylda Dubaýda döredijilik kompaniýalarynyň sany 8 müňden 15 müňe, emirlikde ýaşaýan döredijilik hünärmenleriniň sany bolsa 70 müňden 150 müňe çenli (iş ýerleriniň sanyna görä) artar.