Dün­ýä­niň ke­si­len iň uly göw­he­ri Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň (BAE) Du­baý şä­he­rin­de köp­çü­li­ge gör­ke­zi­lip baş­lan­dy. 555,55 ka­rat­lyk «Enig­ma» at­ly ga­ra göw­her «Sot­he­by’s» auk­si­on öýi ta­ra­pyn­dan gur­al­jak auk­si­on ar­ka­ly sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. Bi­ler­men­ler göw­he­riň 5 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar. Bu gym­mat­ly da­şyň 2,6-3,8 mil­liard ýyl ozal as­te­roi­diň Ýe­re gaç­ma­gy bi­len eme­le ge­len­di­gi çak­la­nyl­ýar. Göw­he­riň dü­zü­min­de azot we wo­do­rod bi­len bir ha­tar­da me­teo­rid­ler­de duş gel­ýän os­bor­nit mi­ne­ra­ly hem bar. «Enig­ma» 1990-njy ýyl­lar­da Ýa­kyn Gün­do­gar me­de­ni­ýe­tin­de pal­ma şe­ki­lin­dä­ki güý­jüň we go­rag­ly­ly­gyň sim­wo­ly ha­sap­lan­ýan ham­sa meň­ze­di­lip ke­si­lip­dir. Onuň hä­zir­ki eýe­si göw­he­ri ke­si­len ýag­daý­da sa­tyn alyp­dyr. Göw­her­iň Du­baý­dan soň­ra Los-An­je­les­de, Ka­li­for­ni­ýa­da we Lon­don­da hem ser­gä çy­ka­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­di. 3-nji few­ral­da bol­sa bir hep­de­läp on­laýn ser­gi­de gör­ke­zi­ler.
«Sot­he­by’s»-iň BAE-dä­ki ýol­baş­çy­sy Kat­ýa Nu­nu B­eý­zi Du­ba­ýyň bu seý­rek göw­her üçin il­kin­ji du­ral­ga hök­mün­de saý­lan­ma­gy­na buý­san­ýan­dyk­la­ry­ny we onuň mil­li­on­lar­ça ýyl ozal baş­lan «sy­ýa­ha­ty­na» go­şu­lan­dyk­la­ry üçin tol­gun­ýan­dyk­la­ry­ny aýt­dy.


Kar­bo­na­do diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ga­ra göw­her­le­riň gur­lu­şy baş­ga­ça bo­lup, olar gö­ze­nek­li bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Go­ýy reňk­li bu göw­her­le­riň öçüg­si ýyl­pyl­dy­sy bol­ýar. Şeý­le göw­her­le­ri il­kin­ji ge­zek 1841-nji ýyl­da por­tu­gal mag­dan­çy­la­ry Bra­zi­li­ýa­da tap­dy­lar. Bu göw­her­ler köm­re meň­zeş bo­lan­soň, «kar­bo­na­do» diý­lip at­lan­dy­ryl­dy.
«Sot­he­by’s»-iň gym­mat­ly şaý-sep­ler bo­ýun­ça bi­ler­me­ni So­fi­ýa Sti­wens kar­bo­na­do ga­ra göw­he­ri­niň has ir­ki dö­wür­ler­de ýü­ze çy­kan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä ak we beý­le­ki reňk­li göw­her­ler daş­la­ryň ara­syn­da duş ge­lip, wul­ka­nyň atyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de Ýe­riň ýü­zü­ne çyk­ýar. Kar­bo­na­do göw­her­le­ri bol­sa, suw aky­my­nyň çö­kün­di­le­rin­de we gyr­man­ça­la­ryn­da duş gel­ýär. Sti­wens auk­si­on­da krip­to­pul ar­ka­ly edil­ýän tek­lip­le­ri hem ka­bul et­jek­dik­le­ri­ni aýt­dy.