Dizaýn hünärinde okaýan talyp çöl landşaftlaryny gözden geçirip we agaç ekmek üçin amatly ýer tapyp, tohum ekip bilýän roboty döretdi. Dubaýyň dizaýn we innowasiýa institutyndan Mazýar Etehadi tarapyndan döredilen “A’seedbot” atly enjam çöllük ýerlerde ösümlik dünýäsiniň giňeldilmegine kömek edip biler. Robot häzirki zaman daşky gurşaw meselelerini çözmäge bagyşlanan “Global Grad Show” atly çärede görkezildi. Uzynlygy bary-ýogy sekiz dýuým bolan robot işlemegi üçin gerek bolan energiýany Gün panelleri arkaly alyp bilýär. Robot diňe agaç ekmeli ýeri tapýar. Tohum ekmeli ýa-da nahal oturtmaly bolanda adamyň kömegine zerurlyk duýýar. Etehadi döreden robotynyň geljekde ýaşyl zolaklary köpeltmäge uly goşant goşjakdygyny belleýär.
Roza Garaýewa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.