Kanadadaky alymlar beloklaryň gurluş üýtgemelerine gözegçilik etmek üçin sintetiki DNK ulanyp, radio tolkunlaryny iberip we kabul edip bilýän nano-antenany döretdiler. “Nature methods” žurnalynda çap edilen gözlegiň netijesine görä, Monreal uniwersitetiniň gözlegçileri bir reňkde ýagtylyk alýan we özara täsirine baglylykda başga reňke geçirýän, adam saçyndan müňden biri ýaly kiçi antenany işläp düzdüler. Nanometr ölçegindäki antenanyň reseptorlary belok belli bir biologik funksiýany ýerine ýetirende, belogyň üstündäki molekulalara himiki reaksiýa bermek arkaly başga bir signal döredýär. Bu duýduryşlaryň manysy antenanyň çykýan ýagtylygyndan kesgitlenýär.

Maýagözel Majekowa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.