FIFA ýylyň ahyrynda, has takygy, noýabr-dekabr aýlarynda Katarda geçiriljek 22-nji Dünýä Kubogynyň peteklerini satuwynyň şu günden başlandygyny mälim etdi. Petekleriň bahasy daşary ýurtly janköýerler üçin 70 dollardan bolup, bu görkeziji ýerli muşdaklar – katarlylar üçin 11 dollara deňdir. Petek satuwlarynyň birinji tapgyry 8-nji fewrala çenli dowam eder. Onlaýn görnüşde satylýan petekler üçin degişli ýerlere ýüz tutan futbol janköýerleriň arasynda 8-nji martda bije çekiler. Bijesi çykan janköýerler bolsa, 21-nji noýabr-18-nji dekabr aralygynda geçiriljek Dünýä Kubogyna stadionlarda tomaşa edip bilerler. FIFA bu ýylky çempionatdan (myhmanalardan, petek satuwlaryndan…) 500 milliondan gowrak girdejä garaşýar.

32 ýygyndynyň gatnaşjak çempionatyna häzirlikçe 13 ýygyndy ýollanma almagy başardy (Katar, Germaniýa, Daniýa, Braziliýa, Argentina, Fransiýa, Belgiýa, Horwatiýa, Ispaniýa, Şweýsariýa, Serbiýa, Niderlandlar, Angliýa).