Hytaý Halk Respublikasy 2020-nji ýylda 146 müň kilometre barabar bolan demir ýollarynyň uzynlygyny 2025-nji ýylda 165 müň kilometre, garaýollarynyň uzynlygyny bolsa, 161 müň kilometrden 190 müň kilometre ýetirmegi maksat edinýär. Hytaý şäherara ýokary tizlikli toruny hem giňeltmegi meýilleşdirýär. Ýurduň 14-nji 5 ýyllyk ösüş maksatnamasynyň (2021-2025) çäklerinde ulag düzüminiň infrastrukturasyny kämilleşdirmek amala aşyrylýan çäreleriň hatarynda görkezildi. Şeýle hem hasabatda 2020-nji ýylda 38 müň kilometre uzaýan ýokary tizlikli otly ýoluny 2025-nji ýylda 50 müň kilometre ýetirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, şäherlerdäki metro ýollarynyň uzynlygynyň 6 müň 600 kilometrden 10 müň kilometre ýetiriljekdigi bellenildi.
Aýnur PAÝZULLAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.