Häzirki döwürde Türkmenistan döwletimiz dünýä bileleşigine ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn nusgasyny görkezýär. «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini daşary ykdysady strategiýasynyň esasy ýörelgesi hökmünde kabul eden hormatly Prezidentimiz ilkinji nobatda ýakyn we goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda hem-de Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolup, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy babatda möhüm gepleşikleri geçirdi we özara gatnaşyklary pugtalandyrjak iňňän wajyp ylalaşyklar gazanyldy.
Türkmenistanyň iň ýakyn goňşusy bolan we umumy taryhy kökleri müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostlukly döwletleriň biri hem Eýran Yslam Respublikasydyr. Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky strategik we giň möçberli hyzmatdaşlyk dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we deňhukukly gatnaşyklaryň ählumumy we mizemez ýörelgelerine esaslanýar. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 18-nji fewralynda ýola goýuldy. Netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýyllary içinde iki doganlyk döwlet döwletara, hökümetara we pudagara derejelerinde baglaşylan halkara resminamalaryndan ybarat bolan berk şertnama-hukuk binýadyny döretdiler.
Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparyna möhüm orun degişlidir. Geçen ýylyň oktýabr aýynda Tähran şäherinde bu toparyň 16-njy mejlisi geçirildi.
Türkmenistan bilen Eýran häzirki zaman ösüşiniň möhüm faktorlary bolan ulag-aragatnaşyk we energetika ulgamlarynyň giňeldilmegine gönükdirilen iri möçberli taslamalary amala aşyrmak bilen sebit hyzmatdaşlygynyň täze mazmuna eýe bolmagynda mynasyp orun tutýarlar. Mälim bolşy ýaly, «Gündogar-Günbatar» we «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekde hem türkmen-eýran hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidir.
Özbegistan Respublikasy Türkmenistanyň iň ýakyn goňşularynyň biridir. Iki döwletiň hem Aziýa yklymynyň merkezinde geografik taýdan amatly ýerleşmegi diňe bir sebit däl, eýsem, ählumumy möçberde hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan we Özbegistan söwda-ykdysady hem-de ulag-kommunikasiýa geçelgeleriniň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen «Gündogar-Günbatar» we «Demirgazyk-Günorta» ugurlary boýunça geljegi has uly ugurlary ösdürmek boýunça utgaşykly gatnaşyk edýärler.
Iki ýurduň arasynda ulag-kommunikasiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köp sanly iri taslamalar durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan-Özbegistan-Eýran-Oman-Katar» halkara ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça Aşgabat Ylalaşygynyň amala aşyrylmagy, «Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa» halkara multimodal ugry boýunça ulag geçelgesiniň doly işe girizilmegi üçin degişli işler alnyp barylýar.
Nurgözel ÝAZYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.