Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylymda gazanýan üstünlikleri Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşandyny goşýar. Energetika senagaty ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Döwlet energetika syýasaty Türkmenistanyň senagatynyň, oba hojalygynyň, durmuş ulgamynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga hem-de daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendir. Ýokary we has ýokary ölçeglerde işleýän döwrebap elektrik beketleriniň işe girizilmegi bilen türkmen energoulgamynyň kuwwaty barha beýgeldi. Şunuň bilen baglylykda, halkalaýyn energoulgamyny döretmek maksady bilen elektrik energetika pudagynda amala aşyryljak düzümleýin taslamalary ilerletmek boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar. Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň uly bölegi senagatda, jemagat we oba hojalygynda ulanylýar. Ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda sarp edilýän, şeýle hem eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberi ýylsaýyn artýar.
Energetika kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmak hem-de ugurlaryny giňeltmek, Ahal-Balkan we Balkan-Daşoguz welaýatlarynyň arasynda halkalaýyn energoulgamy döretmek bilen bagly taslama aýdyň şaýatlyk edýär.
Ahal welaýatynyň çäginden Balkanabat şäherine çenli uzynlygy 450 kilometr, güýjenmesi 220 kW bolan iki zynjyrly howa elektrik geçiriji ulgam, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň çäginden Balkan welaýatyna çenli uzynlygy 560 kilometr, güýjenmesi 500 kW bolan howa elektrik geçiriji ulgam hem halkymyzyň elektrik energiýasyny peýdalanmak babatda ileri tutulýan işleriň hatarynda görkezmek bolar. Taslama laýyklykda, bu howa elektrik geçirijiniň ugrunda güýjenmesi 500 kW barabar bolan iki sany we güýjenmesi 220 kW barabar bolan iki sany, jemi 4 sany elektrik bekedini gurmak göz öňünde tutulýar. Energetika pudagynda özüniň möçberi boýunça ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda energiýa üpjünçilik ulgamynyň doly döwrebaplaşýandygyny görkezýär.
Döwlet Baştutanymyz energetika pudagynda innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagyna, elektrik desgalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we täzelerini gurmak boýunça iri taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilmegine uly üns berýär. Täze elektrik geçiriji ulgamlar barha uzalyp, ilatly ýerleriň we önümçiligiň energiýa bilen üpjünçiligi sazlaşykly guralýar.
Diňe bir gazturbinaly elektrik beketleri gurulman, eýsem, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek babatda hem uly taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. 2019-njy ýylyň aprel aýynda tassyklanan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019-2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu desga ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmek bilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde peýda boljak ilatly ýerde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün eder. Utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik beketleri goşmaça tebigy gazy sarp etmezden, öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga, daşky gurşawa gidýän zyýanly galyndylary birnäçe esse azaltmaga mümkinçilik berer. Bu beket ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinde işleýän ilkinji elektrik bekedi bolup, ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň başlangyjyna öwrüler. Bu ýerde dünýäde iň soňky gazanylan öňdebaryjy tehnologiýalar we nou-haular ornaşdyrylar. Taslamany uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrülen Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Enerji» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Umuman, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde badalga berilýän täze energetika taslamalary, olary paýlaýjy elektrik ulgamlary ilatymyzy, senagat desgalaryny elektrik togy bilen üznüksiz üpjün etmäge giň mümkinçilikler döredýär.
Enejan TOÝLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.