21-nji ýanwarda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça strategiýanyň amala aşyrylmagy netijesinde innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen kuwwatly, döwrebap zawodlar gurulýar, müňlerçe täze iş orunlary döredilýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň “Maryazot” önümçilik birleşiginiň, “Marykarbamid” zawodynyň we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen degişli işler geçirildi. Zawodlaryň ygtybarly işledilmegi we önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde ulanylmagy 2022-nji ýylda göz öňünde tutulan önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmak boýunça pudagyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam eder. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň mineral dökünleri öndürýän zawodlarynyň geljekde hem önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin zerur bolan enjamlar we ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, himiýa toplumlarynyň bökdençsiz işledilmeginiň hem-de doly önümçilik kuwwatlyklaryna çykarylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz içerki hem-de daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli himiýa önümleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.