21-nji ýanwarda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň energetika diplomatiýasy bilen baglanyşyklydygy bellenildi. Ýurdumyz energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýar we bu ugurda möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.
Soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek bilen bagly işleriň güýçlenmegi netijesinde geljekde energiýa serişdelerine bolan islegiň gurluşynyň üýtgemegine getirer diýlip garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň energetika ulgamynda öňe sürýän halkara başlangyçlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» taslamasy işlenip düzüldi.
Resminama wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we pugtalandyrmak hem-de ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen milli wodorod energetika pudagyny döretmek bilen bagly giň strategik maksatlary we çäreler toplumyny öz içine alýar.
Bu ugurda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek babatda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Ýol kartasynyň” taslamasy hem-de onda beýan edilen teklipler hödürlenildi.
Hususan-da, munuň özi Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik (IRENA), Halkara Energetika agentligi, Halkara Energetika Hartiýasy, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik we beýleki halkara guramalar bilen geljekde hem hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek we bu işleriň çäklerinde IRENA-nyň Türkmenistanda wodorod energiýasy boýunça merkezini açmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek teklibi bilen baglanyşyklydyr.
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energiýasy boýunça merkezi döretmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň syýasy-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly işleri durmuşa geçirmek, hususan-da, Türkmenistanyň wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça milli strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de bu işe halkara bilermenleri çekmek teklip edilýär.
Ýurdumyzda wodorod energetika pudagyny döretmek we ösdürmek maksady bilen, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Bu babatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energiýasy boýunça merkezi döretmek teklip edilýär. Bu merkeziň esasy maksatlarynyň biri wodorod energiýasyny öndürmek we ulanmak boýunça ýurdumyzda synag taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly teklipleri taýýarlamakdan ybarat bolar.
Energiýa serişdeleriniň bu görnüşini öndürmek, saklamak we ony daşamak üçin degişli düzümleriň döredilmegi hem-de oňa uly möçberde maýa goýumlaryň çekilmegi bilen bagly işleri geçirmek zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, Türkmenistanda wodorod energetika pudagyny ösdürmek boýunça Pudagara iş toparyny döretmek teklip edilýär.
Mundan başga-da, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek we tejribe alyşmak babatda Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasy, Koreýa Respublikasy, Beýik Britaniýa ýaly döwletleriň degişli edaralary bilen geňeşmeleri ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we hödürlenen teklipleri, umuman, makullap, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk we “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry amala aşyrmak arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary, şol sanda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Alternatiw energetika bu ugurda milli strategiýany durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Ýurdumyzda onuň çeşmelerinden netijeli ulanmak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge we ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegiň ýangyjy hökmünde wodorod şol çeşmeleriň biri bolup durýar. Ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleler babatda wodorody öndürmek we ony ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek aýratyn möhümdir.
Bu ulgamda ýurdumyz işjeň orny eýeleýär. Türkmenistanyň umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän anyk başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Wodorod energiýasy barada aýdylanda bolsa, ýokary ulanyş, tehnologik we ekologik häsiýetnamalary onuň artykmaçlyklarydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Munuň özi ylmy barlaglaryň barşynda tassyklanyldy. Bu energiýa serişdesini senagatda hem-de binalary ýylatmak üçin netijeli ulanmak bolar. Mundan başga-da, wodorod daşky gurşaw üçin howpsuzdyr. Ony ulanmagyň ägirt uly geljegi hut şular bilen şertlendirilendir.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň pes uglerodly, hususan-da, wodorod energiýasy ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça yzygiderli çäreleri görjekdigini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.