“Intel” kompaniýasy dünýäniň iň uly çip önümçilik merkezini 2025-nji ýylda durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.  Kompaniýa bu desganyň gurluşygy üçin 20 milliard dollar sarp eder. Ägirt uly desganyň gurluşygy üçin Ogaýo ştatynyň paýtagty Kolumbusyň golaýyndaky Nýu-Albanynyň saýlanyp alnandygy mälim edildi. Bu ýerde azyndan üç müň adam zähmet çeker. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Pät Gelsinger bu ýerde başga önümçilik desgalarynyň hem boljakdygyny belledi. Gelsinger desganyň çäklerinde 10 ýylyň dowamynda 100 milliard dollar maýa goýum özleşdiriljekdigini we ştatyň okuw merkezleri bilen hyzmatdaşlyk ediljekdigini aýtdy.

“Intel” soňky ýyllarda dünýäde awtoulag we mobil enjamlaryň önümçiliginiň bökdemegine sebäp bolan ýarymgeçiriji ýetmezçiliginiň öňüni almak isleýär.

Bu ýetmezçilik bu ugurda maýa goýumlaryň hem artmagyna getirdi. Taiwanyň TSMC hem-de Koreýanyň “Samsung” kompaniýalary hem degişlilikde, Arizonada we Tehasda önümçilik merkezlerini döretmek isleýändiklerini mälim etdiler.

Aýna Hudaýberdiýewa,

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.