Mundan soň ABŞ-da meşhur “Hard Rock Café” restoranlar toplumynyň islendik şahamçasyna baran bir müşderi Lionel Messi burgerini sargyt edip biler. Şeýlelikde, “Hard Rock Café” restoranlar toplumynyň menýusynda mundan soň Lionel Messi burgeri hem bolar. Burgeriň bir görnüşine argentinaly super ýyldyz Lionel Messini ady goýlup, bu barada restoranlar toplumynyň bir ýolbaşçysy şeýle diýýär: “Burgeriň nähili boljakdygy hakynda Messi hem-de onuň wekilleri bilen birnäçe gezek maslahat geçirdik. Ahyrynda diýseň ajaýyp burger peýda boldy. Kim bilýär, belki-de bu burgeri dadyp gören Kristiano Ronaldonyň muşdaklary-da tarapyny üýtgedip biler. Burgeriň düzüminde karamelizlenen gyzyl sogan, dürli tagamlar bilen baýlaşdyrylan şöhlat, italýan peýniri, pomidor we beýlekiler bar. Çöregiň üstünde-de “Bu meniň Messi Burgerim” diýlip ýazylgy”.

Burgeriň bahasy 11,95 dollara deň bolar.