Afrika Milletler Kubogynda ýene-de 2 çärýek finalçy belli boldy. Ýer eýeleri Kamerunyň ýygyndysy 1/8 finalda ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan Komorlaryň ýygyndysy bilen duşuşdy. Duşuşykdan öň Komorlaryň ýygyndysynda 12 oýunçy covid 19-a uçrandygy sebäpli düzümden çykaryldy. Şol sanda toparyň tälimçisi Amir Abdu hem pandemiýa uçrady. Iň esasysy hem derwezeçileriň ikisi pandemiýa uçrap, toparyň esasy derwezeçisi Salim Ben Boina bolsa Gana bilen geçirilen duşuşykda agyr şikes alypdy. Şeýlelikde, derwezede çep gyraky goragçy Çaker Alhadur durmaly boldy. Düzgüne laýyklykda 11 futbolçysy bar bolan topar meýdança çykmaly bolup, netijede Komorlaryň ýygyndysy ýer eýeleri Kamerundan ähli şowsuzlyklara garamazdan 2-1 hasabynda utuldy. Çekeleşikli geçen oýunda Kamerunyň gollaryny 29-njy minutda Toko Ekambi bilen 70-nji minutda Winsent Abubakar geçirdi. 7-nji minutda bir oýunçysy (goragçy Nadjim Abdu) gyzyl kart alan Komorlaryň ýeke-täk goluny M’Çangama derwezä girizdi.
1/8 finalyň beýleki bir duşuşygynda-da Gambiýanyň ýygyndysy Gwineýany Musa Berrowyň 71-nji minutdaky goly bilen 1-0 ýeňdi.
Çärýek finalda Kamerun bilen Gambiýanyň ýygyndysy, Burkino Faso bilenem Tunisiň ýygyndylary duşuşarlar.
Afrika Milletler Kubogynda şu gün 1/8 finalyň ýene-de 2 duşuşygy oýnalar. Onda Senegal bilen Kabo Werdeniň hem-de Marokko bilen Malawiniň ýygyndylary özara güýç synanyşarlar.