“Toyota” kompaniýasy Ýaponiýadaky 11 zawodynyň işini togtadýar. Wagtlaýynça çäklendirmeleriň dowamynda ýurtdaky bu zawodlaryň jemi 21 konweýeriniň işi togtadylar – diýip, “Nikkei Asia” neşiri habar berýär. Kompaniýanyň şeýle netijä gelmegine önümçilik komponentleriniň ýetmezçiligi sebäp bolupdyr. Mundan daşgary, iş ýerlerinde koronawirusyň “omikron” ştammy bilen kesellemek ýagdaýlary hem göz öňünde tutuldy. “Toyota” ýyl 31-nji martda tamamlanýan maliýe ýylynda 9,3 million sany awtomobil öndürmegi meýilleşdirýärdi. Emele gelen bu ýagdaý meýilnamada bellenen maksada ýetmäge pasgelçilik berip biler.
Habarda bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň başynda “Toyota” ABŞ-nyň bazarynda awtomobil söwdasy boýunça ilkinji gezek “General Motors”-y yzda galdyrandygyna garamazdan, pandemiýa sebäpli awtomobil önümçiligini azaltmak meselesine gaýtadan seretmäli boldy.
Tawus Abaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby