Dünýä belli işewür Jeff Bezosyň ýolbaşçylyk edýän “Altos Labs” atly firmasy has uzak ýaşamagyň syryny tapmak üçin ýokary derejeli alymlary işe aldy. Alymlar ýüzlerçe ýyl kesellerden halas bolmagyň syryny tapmak üçin tagalla ederler. Bu kompaniýa adamlaryň ähli kesellerden gaça durmagyna we köp ýyl ýaşamagyna kömek edip biljek täze usuly işläp düzerler. Munuň üçin 2,2 milliard ýewro maýa goýum özleşdiriler. Işe alnan alymlaryň arasynda Nobel baýragynyň eýeleriniň hem bardygy mälim edildi. Olar, esasan, biotehnologiýa ugrunda zähmet çekerler. Ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Kembrij we Kaliforniýa şäherinde ýerleşýän “Altos”-yň käbir hünärmenleri, rak we alsgeýmer ýaly ýaş bilen baglanyşykly keselleri öňüni almagyň aladasyny eder. Bu usul arkaly adamlaryň has uzak ýaşamagynyň mümkin boljakdygy bellenilýär.